Tirannozawr reks: sekiz tonnalyk «towuk» ýaly hereket edipdir

  • 27.02.2026 20:58
  • 3.3k+

"Ýura döwrüniň seýilgähindäki" (film) ýeri sarsdyryp ýöreýän agyr tirannozawr reks baradaky düşünjämizi gaýtadan gözden geçirmeli bolarys. Royal Society Open Science žurnalynda çap edilen täze ylmy barlag, hek asyrynyň bu gazaply ýyrtyjysynyň häzirki zaman guşlaryna meňzeş ýagdaýda, ýagny aýaklarynyň barmaklarynyň ujunda hereket edendigini subut edýär.

Alymlar tirannozawryň ýerde galan yzlaryny, aýaklarynyň gurluşyny, esasanam dabanyny we guýrugyny jikme-jik öwrendiler. Seljermäniň netijesinde, tirannozawryň agramyny ökjesine däl-de, aýagynyň öň tarapyna (daraklygyna) salandygy anyklandy. Şeýle hem, ol çalt hereket etmek üçin äpet ädimleri däl-de, gysga we ýygjam ädimleri ulanypdyr.
Barlaga gatnaşmadyk paleontolog Stiw Brussatte kärdeşleriniň bu täze açyşyny teswirläp, ýyrtyjyny geň galdyryjy bir deňeşdirme bilen ýatlady:

«Bu barlag, hatda iň meşhur T. reksiň hem özüni guşlar ýaly alyp barandygyny, ýagny sekiz tonnalyk towuk ýaly hereket edendigini görkezýär».

Kompýuter modelirlemesi diňe bir ýöriş ýygylygyny däl, eýsem dinozawrlaryň tizligini hem takyklady. Ýaş tirannozawrlar sekuntda 11 metrden gowrak tizlige ýetip bilipdirler. Uly ýaşlylar bolsa has haýal hereket edipdirler. Olaryň tizlik görkezijileri häzirki zaman Komodo aždarhasynyň (waran) tizlik derejesine deňeçerdir.
Alymlaryň çaklamasyna görä, ýaşy we ululygy boýunça tirannozawrlaryň dürli tizlikde hereket etmegi, olaryň dürli görnüşdäki awlary awlaýandygyny görkezýär.


şu gün 10:51
279

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.8k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.4k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....