ABŞ-da 154 ýyl ozal suwuň düýbüne giden gämi tapyldy

  • 17.02.2026 17:12
  • 6.9k+

Dünýäniň dürli ýerlerinde suwa giden gämileri agtarmak bilen meşgullanýan Shipwreck World guramasy Miçigan kölüniň düýbünde Lac La Belle bug gämisiniň tapylandygyny habar berdi. Associated Press neşiriniň ýazmagyna görä, bu gämi 150 ýyldan gowrak wagt ozal güýçli harasat sebäpli heläkçilige uçrapdy.
Shipwreck World topary gark bolan gämileri gözleýji Pol Ehornyň ýolbaşçylygynda iş alyp bardy. Lac La Belle iň köp gözlenýän ýiten gämileriň biri hasaplanýardy. Ol 2022-nji ýylda Wiskonsin ştatynyň Rasin we Kenoşa şäherleriniň arasynda, kenardan 32 km uzaklykda tapyldy. Bu tapyndy barada häzire çenli habar berilmezliginiň sebäbi, hünärmenleriň gäminiň üç ölçegli modelini görkezmek islänligidir. Ýöne howa şertleri sebäpli 2025-nji ýylyň tomsuna çenli gäminiň ýanyna baryp bolmady.
80 ýaşly Ehorn bu bug gämisini 1965-nji ýyldan bäri tapmaga synanyşýardy. 2022-nji ýylda ol gözleg meýdanyny daraltdy we gapdal syn ediş gidrolokatoryň kömegi bilen bu gämini köle gideninden bary-ýogy iki sagatdan soň tapmagy başardy. Bu tapyndy ony diýseň begendirdi.
Lac La Belle bug gämisi 1864-nji ýylda guruldy. Uzunlygy 66 metr bolan gämi Kliwlend bilen Ýokarky kölüň arasynda gatnaýardy. Ol 1866-njy ýylda Sent-Kler derýasynda gark boldy, emma üç ýyldan soň ony suwuň düýbünden çykaryp abatladylar.
1872-nji ýylyň 13-nji oktýabryna geçilýän gije, Miçigan kölünde harasat turan wagty, gämi Miluoki şäherinden Grand-Heýdene tarap ýola düşýär. Gämide 53 ýolagçy we ekipaž agzasy bardy. Ýola çykanyndan iki sagat geçensoň, gämi suw alyp başlaýar we kapitan halas ediş gaýyklaryny suwa düşürmegi buýurýar. Şol heläkçilikde sekiz adam kenara ýetip bilmän heläk bolýar.


düýn 20:17
5.1k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

19.06.2026 10:08
3.5k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

24.04.2026 18:54
10k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....