Yrakda Aleksandr Makedonskiniň ýiten şäheriniň anyk ýeri kesgitlendi

  • 07.02.2026 22:33
  • 7.6k+

Yragyň günortasynda ylmy gözlegçiler Aleksandr Makedonskiý tarapyndan esaslandyrylan port şäheri — Tigrdäki Aleksandriýanyň ýerleşýän ýerini anyklamagy başardy. Ol asyrlaryň dowamynda ýazuw çeşmelerinden mälim bolsa-da, birmeňzeş atly birnäçe şäheriň bolmagy sebäpli, onuň anyk ýerleşýän nokady jedelli mesele bolup galypdy.
Tigrdäki gadymy Aleksandriýa häzirki Yrak bilen Eýranyň serhediniň golaýyndaky Jebel-Haýýaber bilen baglanyşdyryldy. B.e.öňki IV asyrda düýbi tutulan bu port, geçirilen meýdan barlaglarynyň we surata düşürmeleriň netijeleriniň görkezişi ýaly, gadymy Mesopotamiýanyň derýa we deňiz gatnawynda möhüm orun eýelän merkez bolupdyr.

Iňlis arheology Jon Hansmanyň işi bu gözlegler üçin başlangyç nokat boldy. Ol 1960-njy ýyllarda aerofotosuratlary öwrenip, olarda uly we harby taýdan berkidilen şäherçäniň yzlaryny tapdy. Bu ýerdäki gazuw-agtaryş işleri 2014-nji ýylda başlandy we kuwwatly gorag diwarlarynyň bardygyny tassyklady.
Soňraky ýyllaryň dowamynda alymlar 500 inedördül kilometrden gowrak meýdany öwrendi. Tapylan keramika önümleri, kerpiçler, önümçilik galyndylary we binalaryň galyndylary bu ýerde iri şäher merkeziniň bolandygyny tassyklaýar. Dronlar arkaly surata düşürmeler we magnitometriýa maglumatlary bolsa ýaşaýyş toplumlary, ybadathanalar, senetçilik zolaklary we port infrastrukturasy bilen şäheriň nähili gurnalandygyny dikeltmäge kömek etdi.


13.06.2026 16:56
1.9k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....