Daşyň ýüzi söweş meýdany bolupdyr: Emeli aň gadymy Rim oýnunyň düzgünlerini aýan etdi

  • 14.02.2026 10:34
  • 2.2k+

Alymlar emeli aňyň kömegi bilen Niderlandlaryň Herlen şäherinden tapylan, daşyň ýüzüne oýulyp çekilen gadymy oýnuň düzgünlerini täzeden dikeltmegi başardylar. Geçirilen barlaglar bu oýnuň öň pikir edilişinden birnäçe asyr öň oýnalandygyny subut etdi.

Bu syrly daş 2020-nji ýylda arheolog Uolter Krist tarapyndan Rim muzeýiniň kolleksiýasynda tapyldy. Ölçegi 21x14,5 sm bolan hek daşyndan ýasalan plita XIX asyryň ahyrynda Herlen şäherinde tapylypdy. Onuň ýüzünde dört sany diagonal we bir sany göni çyzykly gönüburçluk şekillendirilipdir. Arheolog çyzyklaryň üstündäki könelişme alamatlarynyň oýun daşlarynyň yzygiderli hereket etdirilmegi netijesinde dörändigini görkezdi.
"Restaura" dikeldiş studiýasy tarapyndan geçirilen ýokary takyklykdaky 3D skanirleme netijesinde täze maglumatlar anyklanyldy. Çyzyklaryň käbir ýerleri beýleki ýerlerine garanyňda has köp sürlüpdir. Daşyň gyralary ýörite arassalanyp, oýun üçin taýýarlanylypdyr.
Bu tapyndy mundan 1500–1700 ýyl ozal, ýagny Rim eýýamynda hakyky oýun meýdançasy hökmünde ulanylypdyr.
Niderlandlaryň, Belgiýanyň we Awstraliýanyň alymlary emeli aň esasyndaky Ludii ulgamyny ulanyp, oýnuň müňlerçe mümkin bolan düzgünlerini simulýasiýa etdiler.
Munuň "petikleýji oýunlar" toparyna degişlidigi mälim boldy. Onda esasy maksat — garşydaşyň hereket etmegine päsgel bermek we ony "duzaga" düşürmek. Şeýle oýunlar ozal diňe orta asyrlara degişli hasaplanýardy. Bu açyş bolsa Rim döwründe-de şeýle taktikaly oýunlaryň bolandygyny görkezýär.

"Ilkinji gezek arheologik tapyndyny anyklamak üçin emeli aň esasly oýun simulýasiýasy ulanyldy" diýip, Uolter Krist belledi.

Barlagyň netijeleri Antiquity žurnalynda we Leýden uniwersitetiniň resmi sahypasynda çap edildi.


22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......