2000 ýaşly Bagdat batareýasy häzir hem işleýän bolup çykdy

  • 11.03.2026 14:45
  • 5.7k+

Käwagt bir ownujak närse tutuş bir döwür baradaky düşünjäni üýtgedip bilýär. Arheologlaryň we inženerleriň arasynda bir asyra golaý wagt bäri çekeleşiklere sebäp bolup gelýän, «Bagdat batareýasy» ady bilen meşhur bolan syrly tapyndy bilen hem hut şeýle ýagdaý ýüze çykdy.

Bu waka 1939-njy ýylda nemes arheology Wilgelm Königiň Bagdadyň golaýyndaky gadymy Hujut-Rabu obasynda täsin bir gaby tapmagy bilen başlandy. Göräýmäge adaty ýaly görünýän toýun küýzäniň içinde mis silindr, onuň içinde bolsa demir içlik bardy. Bu gurluş bitum dykysy bilen mäkäm ýapylypdy.

Alymlar munuň gadymy elektrik çeşmesi bolup biljekdigine derrew düşündiler. Geçirilen synaglar bu enjamyň hakykatdan hem elektrik güýjüni döredýändigini tassyklady. Eger onuň içine sirke, limon şiresi ýa-da duzly suw guýulsa, demir bilen misiň arasynda elektrik togy emele gelýär.

Emma ýene bir mesele bardy. Alnan elektrik güýji takmynan 0,4 wolt bolup, ulanardan örän pesdi. Şol zerarly gapdallardan tapyndyny amaly taýdan ulanmagyň mümkin däldigini öňe sürýän şübheler, şeýle-de gabyň elektrige hiç hili dahyly ýokdur, ol diňe golýazmalary saklamak üçin ulanylandyr diýlen çaklamalar hem döredi.

Aleksandr Bazesiň täze barlagy bolsa, bu babatda düýbünden başga bir gözýetimi açdy. Onuň pikirine görä, gadymy ussalar diňe bir batareýany däl, eýsem bir wagtda işleýän iki sany elektrik elementinden ybarat bütewi bir ulgamy döredipdirler.

Munuň açary ozal üns berilmedik zatlarda – çyglylygy geçirýän gözenekli toýun gapda we mis silindrdäki gurşun-galaýy gatyşykly kebşirde bolup çykdy. Asyl bu elementleriň küýzä salynmagynyň-da öz hikmeti bar ekeni. 

Şunlukda eger küýzäni aşgarly ergin, meselem, agaç külünden alnan aşgar bilen doldursaň, enjam «metal-howa» batareýasy hökmünde işläp başlaýar. Howadaky kislorod toýnuň gözeneklerinden geçýär we kebşirdäki galaýy himiki täsirleşmä girýär.

Geçirilen tejribe bu gipotezany tassyklady. Barlagçy galaýy kebşiriniň bir damjasyny goşanda, elektrik güýji bir woltdan hem ýokary galdy. Ulgam doly görnüşinde işledilende bolsa 1,4 woltdan gowrak güýji gazanmak boldy. Bu häzirki zaman AA batareýasynyň güýjüne deňdir.

Netijäni barlamak üçin gaýtadan dikeldilen batareýa mis plastinasy birikdirildi we ol duzly suwa batyryldy. Şol bada metalyň ýüzünde gaz köpürjikleri peýda bolup, elektoliz başlandy. Bir gijäniň dowamynda batareýa birikdirilen plastina elektrohimik täsirleşme sebäpli mese-mälim üýtgedi.

Alnan netijeler enjamyň hakykatdan hem amaly işleri ýerine ýetirip biljekdigini aňladýar. Onuň kömegi bilen metallary dermanlap, garyndylary arassalap ýa-da şaý-sepleriň ýüzüni çaýdyryp bolýar.

Aslynda bu wakada iň geň galdyrýan başga bir zat bar. Ol hem, bu batareýalaryň elektrotehnikanyň düýbüni tutujy hasaplanýan Alessandro Woltanyň tejribelerinden tas 19 asyr öň ulanylanlygydyr.


şu gün 08:11
2k+

Reňkli plastikleriň tozany atmosferany aşa gyzdyryp başlady

Hytaýyň we ABŞ-nyň alymlarynyň bilelikde geçiren barlagy atmosferadaky reňkli plastik bölejikleriniň howanyň üýtgemegine çaklanyşyndan has güýçli täsir edýändigini ýüze çykardy. Barlagyň beýany Nature Climate......

düýn 11:45
1.9k+

Barlag: Internetdäki anonimlik ýaşlaryň özüne erk ediş derejesini peseldýär we agressiýany artdyrýar

Internetde anonimlik aýdylýan sözler üçin jogapkärçiligi ep-esli peseldýär we ýaşlaryň arasynda özüňe erk etmegiň derejesini gowşadýar, sözde haýbat atmagyň we trollingiň artmagyna sebäp bolýar....

09.05.2026 13:34
1.8k+

Parižde eýeleri uruş ýyllarynda ýiten gymmatbaha sungat eserleriniň sergisi açyldy

Parižiň Orse muzeýinde Ikinji jahan urşy döwründe ýitirilen we uruş gutarandan soň Germaniýada tapylan sungat eserleriniň sergisi açyldy. Bu sergi, eýeleri henize çenli näbelli bolan eserlere bagyşlanýar....

08.05.2026 01:02
5k+

Alymlar şäher guşlarynyň erkeklerden däl-de, aýallardan has gorkýandygyny anykladylar

Biologlaryň halkara topary şäher guşlarynyň adamlary jynsyna görä kabul edýändigini anykladylar. Şoňa görä, guşlar aýallara has atiýaçly çemeleşýärler we erkeklere garanyňda, olaryň özlerinden daşrakda......