Alymlar gadymy dünýäniň ýedi täsinliginiň biriniň sanly modelini döredýärler

  • 19.02.2026 22:40
  • 5.5k+

Barlagçylar topary gadymy dünýäniň ýedi täsinliginiň biri hasaplanýan Aleksandriýa (Faros) maýagynyň üç ölçegli sanly modelini döretmäge başladylar. Beýikligi 120 metre ýetip, Aleksandriýa limanynda ýerleşen bu maýak diňe Gizadaky Heops piramidasyndan (146,6 m) pes bolupdyr.
Maýagyň gurluşygy b.e. öň 323–282-nji ýyllarda Ptolemeý I Soter tarapyndan başlanyp, onuň ogly Ptolemeý II Filadelf tarapyndan tamamlandy. Daşdan gurlan bina gönüburçly esasa, sekizgyraňly orta bölege we gämileri ugrukdyrmak üçin ot hem-de aýna ulgamy bilen üpjün edilen silindr şekilli diňe eýe bolupdyr.
16 asyryň dowamynda birnäçe ýer titremesini başyndan geçiren maýak, 1323-nji ýyldaky weýrançylykly sarsgynda doly diýen ýaly ýykylypdyr. XIV asyryň ahyryna çenli bolsa onuň galan bölekleri gurluşyk serişdesi hökmünde sökülip alyndy.
Pharos taslamasyna arheologlar, binagärler we programmaçylar gatnaşýarlar. Geçen ýylyň dowamynda olar deňziň düýbünden skanirlemek üçin granit bloklaryny çykardylar we 5 müňe golaý binagärlik bölegini hasaba aldylar. Tapylan tapyndylaryň arasynda grek gurluşyk usullary bilen müsür bezeglerini utgaşdyrýan sütün hem bar.
Suwuň aşagynda görşüň pes bolýandygy we deňiz düýbüniň büdür-südürligi zerarly barlagçylar maýagyň asyl keşbini doly dikeltmegiň onlarça ýyla çekip biljekdiginden ätiýaç edýärler.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

08.06.2026 16:45
4.4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

04.06.2026 18:07
7.3k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......