Näme üçin aýallar ulag heläkçiliklerinde erkeklere garanyňda has ýygy-ýygydan şikes alýar?

  • 17.05.2026 10:05
  • 9.8k+

Awstriýanyň Gras tehniki uniwersitetiniň Ýol ulaglarynyň howpsuzlygy institutynyň geçiren gözlegleri aýallaryň ýol-ulag hadysalarynda erkeklere garanyňda 1,6 esse köp ýagdaýda şikes alýandygyny görkezdi.

Hünärmenler Awstriýada 2012–2024-nji ýyllar aralygynda bolan heläkçilikleriň maglumatlaryny seljerip, aýallaryň hatda pes tizlikdäki çaknyşmalarda-da, köplenç, agyr şikes alýandyklary baradaky netijä geldi. Şeýle ýagdaýlarda olar üçin çynlakaý şikes almak ýa-da heläk bolmak howpy iki esse artýar. Gursak, oňurga we el-aýaklar, aýratynam, 50 ýaşdan uly aýallarda iň ejiz bölekler hökmünde görkezildi.

Bilermenler bu meseläni onlarça ýyllaryň dowamynda howpsuzlyk standartlarynyň «ortaça statistiki erkegiň» görkezijileri esasynda işlenip düzülmegi bilen baglanyşdyrýar. Howpsuzlyk ýassyklaryndan başlap, kemerlere çenli ähli howpsuzlyk ulgamlary hut erkegiň beden gurluşyna laýyklykda taslanan. Awtoulaglary synagdan geçirmek üçin häzirki wagtda, esasan, erkek manekenleri ýa-da olaryň kiçeldilen görnüşleri ulanylýar.

«Kiçijik manekenleriň modelleri hakyky heläkçiliklerde görýän zatlarymyzy doly derejede görkezip bilmeýär» — diýip, taslamanyň utgaşdyryjysy Korina Klug belledi.

Häzirki bar bolan manekenler esasy biomehaniki tapawutlary göz öňünde tutmaýar:

  • eginleriň gurluşyny we çanaklygyň giňligini;
  • gursagyň göwrümini;
  • myşsa we ýag massasynyň paýlanyşyny.

Şeýle-de, hünärmenler ýolagçy oturgyjynyň ýagdaýy bilen bagly bolan töwekgelçilige ünsi çekdi. Ýarym ýatan ýagdaýda oturlanda «suwasty gämi» (submarining) effekti ýüze çykýar, ýagny beden kemeriň aşagyndan sypyp gidýär we esasy agram çanaklygyň berk süňklerine däl-de, garnyň ýumşak dokumalaryna düşýär, bu bolsa, öz gezeginde, agyr içki şikeslere getirýär.

Alymlar adamyň wirtual biomehaniki modellerini ornaşdyrmagy, sazlap boljak howpsuzlyk kemerlerini işläp düzmegi hem-de sürüjileriň we ýolagçylaryň awtoulagda dogry oturmagy barada habarlylygyny güýçlendirmegi teklip edýär.

Euro NCAP (täze awtoulaglaryň näderejede howpsuzdygyny barlaýan esasy ýewropa guramasy) eýýäm degişli çäreleri görüp başlady we awtoulaglaryň howpsuzlygyny synagdan geçirende adamyň wirtual modellerini ulanmaga girişdi.


25.06.2026 20:02
6.8k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

24.06.2026 10:10
4.8k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

23.06.2026 19:04
8.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

20.06.2026 19:55
12k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...