Semizlik ösen ýurtlarda azaldy, garyp ýurtlarda bolsa artdy. Sebäbi?

  • 20.05.2026 12:06
  • 10k+

Dünýäniň 200 sany ýurdunda geçirilen täze barlag baý we ösen döwletlerde semizligiň azalandygyny, emma garyp hem-de ösüp barýan ýurtlarda bolsa bu görkezijiniň tersine, örän çalt artýandygyny ýüze çykardy.

Halkara alymlar topary 1980-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda jemi 232 million adamyň gatnaşmagynda geçirilen 4050 sany ylmy işi seljerdiler.

Netijede Günbatar Ýewropada, Demirgazyk Amerikada, Awstraliýada we käbir ösen Aziýa ýurtlarynda semizligiň ýaýramak tizliginiň aşak düşüp başlandygy belli boldy. Çagalaryň we ýaşlaryň arasynda bu haýallama 1990-njy ýyllardan, uly adamlaryň arasynda bolsa 2000-nji ýyllardan başlanýar.

Ykdysadyýeti gowşak ýa-da orta derejedäki ýurtlarda bolsa ýagdaý düýbünden başgaça. Esasan hem Aziýanyň, Afrikanyň, Latyn Amerikasynyň we Ýuwaş umman adalarynyň çagalarynyň we ýaşlarynyň arasynda semizlik örän çalt köpelýär.

Alymlar munuň sebäbini şeýle düşündirýärler:

  1. Ösen ýurtlaryň ilaty sagdyn iýmitlenmek barada köp maglumat bilýärler we olaryň peýdaly azyk önümlerini satyn almaga ýeterlik puly bar.
  2. Ösüp barýan ýurtlarda bolsa şäherleşme (oba adamlarynyň şähere göçmegi) güýçlenýär, adamlar az hereket edip başlaýarlar we iň esasy mesele – olar bahasy amatly, ýöne düzümi aşa ýagly we himiki taýdan işlenilen (fast-food, süýji gazly suwlar we ş.m.) zyýanly iýmitleri iýýärler.

Alymlar semizligiň ýürek, böwrek, bagyr we dem alyş ýollarynyň agyr kesellerine sebäp bolýandygyny ýatladyp, her bir ýurduň öz ýagdaýyna görä bu meselä garşy aýratyn çäreleri görmelidigini aýdýarlar.

Görşümiz ýaly, öň semizlik diňe «baýlaryň keseli» hasaplanylýan bolsa, indi ol garyp we ösüp barýan ýurtlaryň iň uly we howply meselesine öwrülýär.


düýn 07:29
2.8k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
5.2k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......