Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

  • 16.05.2026 18:05
  • 6.6k+

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip bilýär. Bu barada allergiýa we immunologiýa hünärmeni Inna Wasilýewa gürrüň berdi.

Lukmanyň aýtmagyna görä, çybynlar hemmeden ilki, I (birinji) gan topary bolan adamlara topulýarlar. Gözleglerden belli bolşy ýaly, şeýle gan toparly adamlar deriniň üsti bilen ýörite gant maddalaryny bölüp çykarýarlar, çybynlar bolsa şeýle ganyň örän ýokumlydygyny duýýarlar.

Şeýle hem çybynlaryň iň köp nyşana alýan toparyna çagalar, hamyla zenanlar, sport bilen meşgullanýan işjeň adamlar girýär. Çünki olar dem alanlarynda daşky gurşawa has köp kömürturşy gazyny bölüp çykarýarlar.

Munuň üstesine-de, çybynlar garamtyl we aýratyn-da gara reňkli geýimleri has aňsat saýgarýarlar. Adamyň beden gyzgynlygynyň ýokary bolmagy-da, ony çybynlar üçin tapylgysyz nyşana öwürýär.

Hünärmen çybyn çakmagyna garşy bedeniň görkezýän täsirini üç görnüşe böldi:

  1. Adaty täsir: çakan ýeri azajyk çişip, gijeýär we bir hepdeden galman özi geçip gidýär.
  2. Agyr ýerli täsir (Skiter sindromy): çakan ýeri gaty güýçli çişýär, gyzarýar hem-de agyrýar. Bu alamatlar 10-12 güne çenli dowam edip biler.
  3. Ulgamlaýyn (iň howply) täsir — Anafilaksiýa: bu ýagdaýda adamyň demi gysyp başlaýar, gözleri çişýär, ýüregy bulanýar we huşundan gidip bilýär. Şeýle pursatda haýal etmän Tiz kömegi çagyrmalydyr.

Inna Wasilýewa çybyn allergiýasynyň adatça, diňe çakan ýeriň özünde galýandygyny, iýmit ýa-da Gün allergiýasynda bolşy ýaly, bütin bedene örgün bolup ýaýramaýandygyny-da belledi.

Çybynlardan goranmak üçin bolsa hünärmen açyk reňkli geýimleri geýmegi, suwly ýerleriň  golaýynda köp gezmezligi we çybyny ürküzýän serişdeleri ulanmagy maslahat berýär.


24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......