Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

  • 13.05.2026 23:49
  • 1.4k+

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy.

Eli Lilly and Company bilen bilelikde işlenip düzülen bu test, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda ulanylmagynyň howpsuzdygyny we netijelidigini tassyklaýan «CE» laýyklyk belgisini aldy. Kompaniýanyň maglumatyna görä, bu ulgam keseli anyklamagy çaltlandyrmaga we has çylşyrymly amallara bolan zerurlygy azaltmaga mümkinçilik berer.

Testiň oňyn netijesi beýnide Alsgeýmer keseliniň alamatlarynyň biri hasaplanýan amiloid üýşmejikleriniň bardygyny görkezýän «pTau217» belogynyň ýokary derejesini aňladýar. Ters netije bolsa, keseliň ýokdugyny tassyklamaga we oňurga ýiliginiň suwuklygyny barlamak ýa-da beýnini skanirlemek ýaly goşmaça agyryly barlaglardan gaça durmaga kömek edýär.

Roche Diagnostics kompaniýasynyň baş direktory Mett Saus bu testiň diagnozy has ir we aňsat kesgitlemäge ýardam etjekdigini bildirdi. Onuň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda köp sanly näsaglar kesele kesgitleme goýmak meselesiniň uzaga çekmegi we gymmat bahaly barlaglaryň zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Test saglygy goraýyşyň hem ilkinji, hem ikinji basgançaklarynda ulanylmaga niýetlenendir. Bu bolsa maşgala lukmanlaryna näsaglary eýýäm barlagyň deslapky netijeleri bilen ýöriteleşdirilen hünärmenlere ugratmaga mümkinçilik berer.

Alsgeýmer keseli demensiýanyň (akyl kütelmesiniň) iň ýaýbaňlanan sebäbi bolup galýar we ähli keselçilik ýagdaýlarynyň 60-dan 80 göterimine çenlisini düzýär.


düýn 18:05
2.2k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......