Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

  • 14.05.2026 16:32
  • 2k+

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyryp bilýändigini anykladylar. Bu birleşme gurluş taýdan limon turşusyna meňzeýär diýip, TASS habar berýär.

Çişleriň içinde immun ulgamyny basýan gurşaw döreýär. T-öýjükler köpelmek we rak öýjüklerini ýok etmek ukybyny ýitirýär. Barlag olaryň azalmagy bilen, sitrakon kislotasynyň derejesiniň çürt-kesik peselýändigini görkezdi. Bu adamdaky we haýwandaky çişleriň nusgalaryny seljermek arkaly tassyklanyldy.

Alymlar bu maddanyň üsti ýetirilende nämeleriň bolýandygyny synagdan geçirdiler. Tejribeler sitrakon kislotasynyň öýjükleriň kislorod ýetmezçiligine has çydamly bolmagyna kömek edýändigini, olaryň azalmagynyň öňüni alýandygyny we öýjükleriň ölmeginiň öňüni alýandygyny görkezdi.

Melanomaly syçanlarda geçirilen tejribelerde bu maddanyň olaryň iýmitine goşulmagy immun öýjükleriniň çişleri ýok etmek ukybyny ýokarlandyrdy. Bu täsir bedeniň öz T öýjüklerinde-de, immunoterapiýada ulanylýan üýtgedilen öýjüklerde-de syn edildi.

Bu ylmy barlagyň netijeleri Science Advances žurnalynda çap edildi.

Alymlar bu açyşyň bar bolan bejeriş usullarynyň netijeliligini ýokarlandyryp biljekdigine ynanýarlar, sebäbi sitrakon kislotasy giňden elýeterli maddadyr.


düýn 18:05
1.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......