12 000 ýyl ozal ekerançylygyň dörän ýerini anyklamak başartdy

  • 18.02.2026 12:14
  • 4.7k+

Häzirki zaman oba hojalyk ekinleriniň ýabany ata-babalarynyň 10–12 müň ýyl ozal ýaýraýşynyň ilkinji jikme-jik kartasy döredildi. Kopengagen uniwersitetiniň (Daniýa) we Basklar ýurdunynyň uniwersitetiniň (Ispaniýa) halkara alymlar toparynyň ylmy işi «Open Quaternary» žurnalynda çap edildi.
Alymlar häzirki bugdaýyň, arpanyň, çowdarynyň we merjimegiň ata-babasy bolan ýabany ösümlikleriň 65 görnüşiniň ösýän ýerleri baradaky maglumatlary MGEIK-iň (Klimatyň üýtgemegi boýunça hökümetara topary) klimatik modelleri bilen birleşdirdiler. Geçmişe geçirilen bu modeller ekerançylygyň dörän döwründe şol ösümlikleriň nirelerde ösüp biljekdigini görkezdi.
Arheologik maglumatlar ilkinji ekerançylyk jemgyýetleriniň takmynan 12 000 ýyl ozal Ýakyn Gündogarda ýüze çykandygyny tassyklaýar. Emma adamlaryň ýabany däneleri anyk haýsy künjeklerden ýygnandygy şu wagta çenli näbelliligine galypdy.

«Bizde gazuw-agtaryş işlerinde tapylan gurallar, tohumlar we haýwan süňkleri barada maglumatlar bar. Ýöne şol sebitleriň tebigy ösümlik dünýäsi biz üçin syrlylygyňda galýardy. Neolit döwrüniň halklarynyň soňra medenileşdiren ösümliklerini ilki nireden tapandygyny anyk bilmeýärdik» diýip, arheolog Jo Rou munuň näderejede ähmiýetli işdigini düşündirdi.
Gözlegleriň netijeleri ekinleriň ýabany ata-babalarynyň esasan Lewantyň (häzirki Liwan, Ysraýyl we Siriýa) Ortaýer deňiz kenarlarynda jemlenendigini görkezdi. «Ýabany ekinleriň köpüsi has sowuk we gurak şertlere gowy uýgunlaşypdyrlar» diýip, arheobotanik Amaýa Arrans-Otaegi belledi.

Awtorlar modelirleme usulynyň arheologik maglumatlaryň üstüni ýetirýändigini, ösümlik dünýäsiniň doly keşbini we irki ekerançylygyň ekologik baglanyşygyny görmäge mümkinçilik berýändigini nygtaýarlar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....