Gazagystanda Parfiýa we Wizantiýa degişli gadymy artefaktlar tapyldy

  • 06.02.2026 14:10
  • 2.7k+

Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda arheologlar Parfiýa we Wizantiýa döwürlerine degişli bolan içi kümüş we mis teňňelerden doly küýzäniň üstünden bardylar. Gadymy Garakabak şäherçesiniň harabalaryndan tapylan bu gymmatlyklar Mangystau (öňki Maňňyşlak) sebtiniň häki bir çetki künjek däl-de, eýsem möhüm söwda merkezi bolandygynyň esasy subutnamasy diýlip atlandyrylýar.
Arheolog Andreý Astafýew şaýylaryň we artefaktlaryň Aspabota gadymy şäher-döwletiniň tutýan orny baradaky düşünjeleri üýtgedýändigini belleýär. Diýmek, bu şäher Gündogary we Günbatary gury ýer hem-de Hazarýaka ýollary arkaly birleşdiripdir. Tapyndylaryň arasynda Parfiýa patyşasy Orod II-niň biziň eýýamymyzdan ozalky I asyra degişli bolan seýrek kümüş drahmasy we atly esgeriň şekili çekilen süňk plastika bar.
Tapyndy diňe bir pul ýa-da häkimiýet nyşanlaryndan ybarat  däl. Arheologlar IV asyrdaky ýerli senetçileriň ýokary ussatlygyny tassyklaýan özboluşly mangystau nagyşly küýze önümlerini hem tapdylar. Gap-çanaklar, küýzeler we ýüzükler bolsa Garakabagyň ýaşaýjylarynyň durmuşyna, medeniýetine we Hytaýdan Wizantiýa çenli uzalyp giden söwda gatnaşyklaryna degişli jikme-jiklikleri suratlandyrýar.


07.06.2026 20:06
3.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

06.06.2026 10:03
17k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......