Müsürde açyk asman astynda 10 müň ýyl bäri işläp duran muzeý tapyldy

  • 15.02.2026 15:37
  • 7.3k+

Arheologlar Sinaý ýarymadasynyň günortasynda ýüzüne gadymyýetde ýüzüne suratlar çekilen we oýulyp şekiller galdyrylan gaýany tapdylar. Alymlaryň çaklamasyna görä, olaryň iň gadymylary takmynan 10 müň ýyl ozal döredilipdir diýip, Yeni Safak neşiri habar berýär.


Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet baradaky ministrligi bu tapyndyny «açyk asmanyň astyndaky tebigy muzeý» diýip atlandyrdy. 
Umm-Yrak belentliginiň gündogar eňňidinde, uzynlygy 100 metrden gowrak bolan gaýa erňeginde arheologlar haýwanlaryň şekillerini, aw sahnalaryny, ýaragly adamlary, şeýle hem arap we nabateý dillerindäki dürli nyşanlary we ýazgylary tapdylar. Suratlar dürli döwürlere — taryhdan öňki döwürlerden (10–5,5 müň ýyl ozal) başlap, has giçki eýýamlara degişlidir.
Seljerijiler bu açyşyň Sinaýda yzygiderli ýaşan siwilizasiýalar barada täze maglumatlary berýändigini belleýärler. Olaryň çaklamasyna görä, Umm-Yrak belentligi müňýyllyklaryň dowamynda dürli halklar üçin tomaşa nokady, ýygnanyşyk we dynç alynýan ýer hökmünde ulanylypdyr.
Bu tapyndy alymlara dürli taryhy döwürlerde Sinaý ýarymadasynda ýaşan adamlaryň durmuş ýörelgesine, awçylygyna we medeni tejribelerine has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär
.


düýn 16:45
3.4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

04.06.2026 18:07
7.1k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

25.05.2026 20:57
4.2k+

Kanadada 567 million ýyllyk gadymy jandarlaryň yzlary tapyldy

Paleontologlar Kanadanyň Makkenzi daglarynda ýaşy, takmynan, 567 million ýyla barabar bolan gadymy deňiz organizmleriniň daşa öwrülen galyndylaryny tapdy. Ylmy barlagyň netijeleri «Science Advances» žurnalynda......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....