Genetikler DNK analizi arkaly rim imperatory Otto I-niň şahsyýetini tassykladylar

  • 28.04.2026 23:08
  • 2.9k+

Magdeburg ybadathanasyndan tapylan galyndylaryň imperator Otto I-niňkidigi genetiki derňewler arkaly tassyklandy. Bu barada alymlar DNK barlaglaryny geçirenlerinden soň habar berdiler.

​Galyndylar 2025-nji ýylda sarkofagyň abatlaýyş işleri mahalynda tapylypdy. Tabyt açylandan soň, süňkleriň takmynan 60 ýaşyndaky we boýy 1,80 metr bolan erkek adama degişlidigi anyklandy. Şol döwür üçin (orta asyrlar) bu boý ortaça görkezijiden has beýik hasaplanýar.

​DNK nusgalary Bamberg ybadathanasyndan tapylan we patyşa Genrih II bilen baglanyşykly galyndylar bilen deňeşdirildi. Derňew üçin arheogenetik Harald Ringbauer tarapyndan işlenip düzülen garyndaşlyk derejesini kesgitleýiş usuly ulanyldy.

​Netijeler Otto I bilen Genrih II-niň arasyndaky taryhy maglumatlaryna laýyk gelýän üçünji derejeli garyndaşdygyny tassyklady.

​«Beýik Otto» ady bilen tanalýan Otto I (912–973) gündogar-frank patyşalygyny berkidip, ony Italiýa bilen birleşdirdi we 1806-njy ýyla çenli dowam eden Mukaddes Rim imperiýasynyň düýbüni tutdy. Ol diri wagty «Beýik» we «Watanyň atasy» diýlip atlandyrylypdyr.

​Onuň döwründe Magdeburg şäheri aýratyn ähmiýete eýe bolup, 968-nji ýylda ol ýerde arhiýepiskoplyk döredildi. Şäher syýasy we dini merkez hökmünde imperatoryň esasy ýerleriniň birine öwrüldi.


08.06.2026 16:45
3.6k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.3k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
1k+

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......