«Týudorlaryň ýüregi»: britanlar XVI asyr patyşa tumaryny saklap galmak üçin 3,5 million funt sterling toplady

  • 12.02.2026 12:07
  • 2.5k+

Britan muzeýi týudorlar neslinden bolan patyşa Genrih VIII-e dahylly  altyn tumary saklap galmak we ony köpçülige görkezmäge elýeterli etmek üçin zerur bolan 3,5 million funt sterlingi toplamagy başardy. Bu barada Independent neşiri habar berýär.
«Týudorlaryň ýüregi» diýlip atlandyrylýan bu gymmatlyk Worwikşir graflygyndaky meýdanlaryň birinde metal detektorynyň kömegi bilen tapyldy. Bu şaý-sep patyşa Genrih VIII bilen onuň birinji aýaly Ketrin Aragonlynyň 24 ýyllyk nikasyndan galan ýeke-täk şaý-sepdir. Gymmatlygyň ýüzünde Týudorlar döwrüniň bägüli, Ketriniň simwoly bolan naryň şekili we köne fransuz dilinde ýazylan «elmydama» diýen söz şekillendirilipdir.

Britan muzeýiniň direktory doktor Nikolas Kullinan: «Bu ajaýyp tapyndy iňlis taryhynyň bize tanyş bolmadyk pursatlary barada gürrüň berýär. Men bu gymmatlygy ýakyn wagtda Beýik Britaniýanyň sergilerinde görkezmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» diýip, tapyndynyň taryhy ähmiýetini düşündirýär.

Muzeý bu eksponaty köpçülikleýin kolleksiýada saklap galmak tamasy bilen halk köpçüliginden maddy goldaw sorady. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda başlanan bu çäräni on müňlerçe adam, şol sanda «Böriler diwany» («Wolf Hall») serialynda Genrih VIII-niň keşbini janlandyran aktýor Demian Lýuis hem goldady.
Muzeý hünärmenleriniň pikiriçe, Genrih VIII bu tumary 1518-nji ýyldaky ýaryş üçin ýörite ýasadypdyr. Şol ýaryşda olaryň gyzy Mariýa fransuz tagtynyň mirasdüşeri bilen dabaraly ýagdaýda adaglanypdyr.


düýn 11:43
3.2k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

28.05.2026 18:03
6.8k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....

27.05.2026 20:03
3.9k+

Müsürde Tutanhamonyň aramgähiniň gips diwary ilkinji gezek köpçülige görkezildi

Faraon Tutanhamonyň jaýlanan otagynyň gips diwary ilkinji gezek Luksor muzeýinde giň köpçülige görkezildi diýip, «The Independent» neşiri habar berýär....

27.05.2026 11:18
5.3k+

Mýanmada seýrek duş gelýän 11 000 karatlyk goýy gyrmyzy-gyzyl ýakut tapyldy

Mýanmada agramy 11 000 karat (2,2 kilogram töweregi) bolan uly goýy gyrmyzy-gyzyl ýakut tapyldy. Bu barada ýurduň Maglumat ministrligine salgylanýan Bloomberg agentligi habar berdi....