Patyşalar jülgesinde syýahatçylaryň iki müň ýyl öň galdyran ýazgylary tapyldy

  • 22.03.2026 03:03
  • 2.7k+

Müsüriň Patyşalar jülgesinde barlagçylar takmynan iki müň ýyl ozal syýahatçylar tarapyndan galdyrylan gadymy diwar ýazgylaryny tapdylar. Hindi dillerindäki bu ýazgylary biziň eýýamymyzyň I–III asyrlaryna degişli diýip hasaplaýarlar.

Şol döwürde Müsür şalygy Rim imperiýasynyň golastyndady. Professor Ingo Ştrauhyň aýtmagyna görä, Patyşalar jülgesi eýýäm şol wagtlar hem syýahatçylar üçin meşhur ýere öwrülipdir. Bäri gelen "turistler" mazarlaryň diwarlaryna atlaryny ýazypdyrlar we käwagt özleri barada maglumat hem goşupdyrlar.

Sanskrit dilindäki ýazgylaryň biri Indranandin atly adama degişli. Ol özüni «Kşaharata patyşasynyň ilçisi» diýip atlandyrýar. Kşaharata nesilşalygy biziň eýýamymyzyň I asyrynda Hindistanyň bir bölegini dolandyrýardy. Çaky, Indranandi Rime barýan wagty Patyşalar jülgesine sowlan bolmaly.

"Graffitileriň" awtorlarynyň arasynda Çikaý Korran atly adam has-da ünsüňi çekýär. Bäş sany mazarda tapylan ýazgylaryň sekizini şol galdyran eken. Ol tamil dilinde: «Çikaý Korran şu ýere gelip gördi» diýip ýazypdyr.

Käbir ýazgylar faraon Ramzes IX-nyň mazarynyň girelgesinden takmynan 5–6 metr belentlikde ýerleşýär. Barlagçylar awtoryň ol ýere nädip elini ýetirendigine düşünip bilenoklar.

Çikaý Korranyň söwdagär, hakyna tutma esger ýa-da ýerli toparyň serdary bolandygy çak edilýär. Dilinden çen tutsaň, ol Hindistanyň günortasyndan gelip çykan bolmagynyň mümkindigi aýdylýar.


düýn 08:53
3.1k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....