Ýaponiýanyň gadymy "gaplaňlary" hakykatda gowak arslanlary bolup çykdy

  • 20.02.2026 14:55
  • 6k+

Uzak wagtlap Ýaponiýanyň adalarynda gadymy döwürlerde gaplaňlaryň ýaşapdyr diýlip hasaplanýardy. Emma täze geçirilen DNK barlaglary bu ýyrtyjylaryň aslynda meşhur gowak arslanlarydygyny subut etdi.

Häzirki wagtda Ýaponiýanyň tebigatynda ýolbars ýa-da gaplaň ýok. Emma giçki pleýstosen döwründe (129 000 – 11 700 ýyl ozal) bu adalarda iri ýyrtyjylar höküm sürüpdir. Arheologlar köp wagtlap tapylan süňk galyndylarynyň ölçeglerine we gurluşyna esaslanyp, olary gaplaňlara degişli hasaplap geldiler.

Hünärmenler 26 sany daşa öwrülen galyndynyň mitohondrial we ýadro DNK-syny, şeýle hem radiokarbon senelemesini ulanyp barlag geçirdiler. Galyndylaryň ýagdaýynyň pesligine garamazdan, alymlar genomyň möhüm böleklerini dikeltmegi başardylar. Netijede, ähli nusgalaryň gowak arslanyna (Panthera spelaea) degişlidigi anyklandy.

Galyndylaryň biriniň takmynan 31 060 ýyl mundan ozal ýaşandygy anyklandy.
Buzluk döwründe deňiz derejesiniň peselmegi netijesinde, adalar bilen yklymyň arasynda gury ýer "köprüleri" emele gelipdir. Alymlaryň çaklamasyna görä, gowak arslanlary takmynan 72 700 – 37 500 ýyl mundan ozal demirgazyk gury ýer ýoly arkaly materikden adalara göçüp gelipdirler.
Şol döwürlerde ýolbarslar (arslanlar) Ýewraziýanyň demirgazyk sebitlerinde has işjeň ýaýran bolsa, gaplaňlar has günorta çäkleri saýlapdyrlar. Bu täze ylmy tapyndy Ýaponiýanyň gadymy ekoulgamynyň taryhyny täzeden gözden geçirmäge mümkinçilik berýär.


08.06.2026 16:26
5.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

04.06.2026 18:07
7.4k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

31.05.2026 13:26
1.8k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....