Arheologlar Eýranyň Kuzaran jülgesinde 5000 ýyllyk «býurokratiýa» arhiwini tapdylar

  • 27.02.2026 11:23
  • 2k+

Eýranyň günbatarynda ýaşy takmynan 5000 ýyla deň bolan, 7000-den gowrak möhür yzyndan, žetonlardan we toýun heýkeljiklerden ybarat bolan täsin toplum tapyldy. Phys.org neşiriniň habar bermegine görä, bu gymmatlyklar Kuzaran jülgesindäki Tape-Týaline ýadygärliginde geçirilen barlaglar wagtynda ýüze çykaryldy.
Doktor Şokuh Hosrawi öz barlaglarynyň netijelerini Antiquity žurnalynda çap etdi. Bu ýygyndy resmi taýdan gadymy dünýäniň iň iri möhür yzlarynyň  toplumy diýlip ykrar edildi. Tapyndylar biziň eýýamymyzdan öňki 3200–2800-nji ýyllar aralygynda merkezi Zagros sebitinde ösen dolandyryş we iýerarhiýa ulgamynyň bolandygyny subut edýär.
Alymlar möhürleriň söwda geleşiklerini hasaba almak we harytlaryň saklanyşyna gözegçilik etmek üçin ulanylandygyny anykladylar. Olar bilen ammarlaryň gapylary, galla salnan haltalar,  şerap we ýag guýlan gaplar möhürlenipdir.


Her bir goparylan toýun plomba hasapçylyk ulgamynda çek wezipesini ýerine ýetiripdir. Statistik seljermeler ýerli ýaşaýjylaryň dürli sebitlerden azyndan 150 sany söwda hyzmatdaşy bilen gatnaşykda bolandygyny görkezdi. Möhürleriň dürli görnüşleri Tape-Týalineniň Mesopotamiýa bilen Eýran platosyny birleşdirýän esasy logistik merkezi bolandygyny tassyklaýar.
«Käbir möhür eýeleri diňe ammarlara girmek üçin jogapkär bolupdyrlar, olar harytlaryň getirilmegine we äkidilmegine gözegçilik edipdirler. Beýlekiler bolsa öz möhürlerini haryt gaplaryna hem-de jaýlaryň gapylaryna basypdyrlar» diýip, barlagçy zenan düşündirýär.


düýn 08:53
2.8k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....