Gadymy pelsepeçi Empedoklyň ýiten ýazgylary 2000 ýyldan soň tapyldy

  • 14.04.2026 17:01
  • 3.4k+

Lýež uniwersitetiniň barlagçysy Natan Karlig biziň eýýamymyzdan öňki V asyra degişli bolan «Fizika» atly filosofiki poemanyň bir bölegini tapyp, onuň kime degişlidigini anyklady. Bu tekstiň awtory gadymy grek pelsepeçisi, lukman we döwlet işgäri Empedokldyr.

Öňler Empedoklyň tekstleri diňe Platon ýa-da Aristotel ýaly beýleki antik awtorlaryň sitatalary arkaly mälimdi. Täze tapylan bölek bolsa, onuň öz sözleriniň gönüden-göni ilkinji subutnamasy boldy.

Gürrüň Kairdäki Fransuz gündogar arheologiýa institutynyň arhiwlerinden tapylan P.Fouad inv. 218 belgili papirus barada barýar. Karlig ony 2017-nji ýylda anyklanmadyk grek golýazmalaryny öwrenip ýörkä tapdy. Teksti okamak, seljermek we gelip çykyşyny tassyklamak üçin birnäçe ýyl gerek boldy. Dikeldilen setirler görüş teoriýasyna bagyşlanypdyr. Empedoklyň çaklamasyna görä, obýektler göz bilen özara täsirleşýän ownuk bölejikleri goýberýärler. Bu bolsa kabul ediş baradaky ilkinji materialistik nazaryýetleriň biridir.

Barlagçylar bu pikirleriň antik döwrüň has soňky awtorlarynyň işleri bilen meňzeşdigini hem bellediler. Olaryň pikirine görä, bu pelsepeçi Demokritiň irki atomistik taglymatynyň ösmegine uly täsir edipdir. Meňzeş pikirler Aristofanyň komediýalarynda, Platonyň dialoglarynda, Teofrastyň işlerinde we Lukresiýanyň poemasynda hem duş gelýär. Papirus uzak wagtlap arhiwde hasaba alynmadyk materiallaryň arasynda ýatypdyr. Indi bolsa bu tekst terjimesi we düşündirişleri bilen bilelikde «L’Empédocle du Caire» neşirinde çap edildi.


şu gün 00:04
1.6k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......

30.05.2026 07:40
3.5k+

50 ýyllyk gözegçilikler ýekebara ene-atalaryň bagtlylyk we durmuşdan kanagatlanma derejesini görkezdi

Ýekebara ene-atalar ortaça durmuşdan kanagatlanma derejesiniň är-aýal jübütlerine garanyňda pesdigini, ýöne güýçli sosial goldaw bolan ýagdaýynda, olar çagasyz ýalňyz adamlar bilen deňeşdireniňde, özlerini......

29.05.2026 11:53
3.7k+

Bagyşlamak beýnini agyryly ýatlamalary "redaktirlemäge" mejbur edýär

"Bagyşlamak we unutmak" diýen meşhur jümle hakykaty görkezmeýär – bu iň bolmanda ylmy nukdaýnazardan şeýle. Amerikaly neýrobiologlaryň Emotion ylmy žurnalynda çap edilen täze barlagy kimdir birini......

29.05.2026 00:09
2.9k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......