Alymlar: adamzadyň diri galmagyna duýgudaşlyk sebäp bolupdyr

  • 22.03.2026 04:40
  • 4.5k+

Adamzadyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda ýitmän, gyrylman, arkama-arka ýaşap ýörmegine onuň güýji-de däl, akly-da däl, eýsem özgäniň derdine duýgudaşlyk etmek we gatnaşyk gurmak ukyby sebäp bolupdyr. Bu baradaky ýörite barlaglar arkaly gelnen ylmy makala Journal of Archaeological Science žurnalynda çap edildi.

Şu wagta çenli ynsanyň esasy artykmaçlygy onuň ýiti akly we bäsdeşlik ukybydyr öýdülýärdi. Emma täze barlaglar adamyň adam bolmagynyň özeninde ösen jemgyýet we duýgy gurşawynyň esasy orun tutandygyny görkezýär. Edil şu häsiýet Homo sapiens-e biri-biri bilen birleşmäge, hyzmatdaşlyk etmäge we toplanan tejribelerini paýlaşmaga mümkinçilik beripdir.

Beýleki janly-jandarlardan tapawutlylykda, adam diňe bir öz garyndaşlary bilen däl, eýsem düýbünden nätanyş adamlar bilen hem berk gatnaşyk gurmagy başarýar. Adamyň bu ukyby durnukly toparlaryň, söwda ulgamlarynyň we çylşyrymly jemgyýetleriň kemala gelmegine şert döredipdir.

Alymlaryň pikirine görä, öz duýgularyňa düşünmek we olary gözegçilikde saklamak özara ynamyň döremeginiň esasy sebäbidir. Bu bolsa adamlara etsem-petsemini bilelikde meýilleşdirmäge, umumy netijä gelmek üçin bir çukura tüýkürmäge, birek-birege ynanmaga we bil baglamaga ýol açýar.

Bu teoriýany diňe bir mantyk däl, eýsem taryhy tapyndylar hem tassyklaýar. Arheologlar garry we agyr şikes alan gadymy adamlaryň galyndylaryny öwrendiler. Olaryň ýagdaýy şeýle bir agyr bolupdyr welin, olar diňe beýleki adamlaryň yzygiderli aladasy we kömegi arkaly ýaşap bilipdirler. Munuň iň görnükli mysaly — Şanidar I atly neandertaldyr. Ol agyr şikeslerine garamazdan, öz neberesiniň we dostlarynyň kömegi bilen uzak ýaşamagy başarypdyr. Duýgudaşlygyň ýok ýerinde oňa beýle ýardam berilmezdi.

Mundan ötri, gadymy jaýlama dabaralary hem adamyň hatyrasyna, şahsyýetine goýulýan sarpanyň, ýagny berk jemgyýet baglanyşygyň eýýäm şol döwürlerde-de ösendigini görkezýär.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

08.06.2026 16:45
4.4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

04.06.2026 18:07
7.3k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

25.05.2026 20:57
4.2k+

Kanadada 567 million ýyllyk gadymy jandarlaryň yzlary tapyldy

Paleontologlar Kanadanyň Makkenzi daglarynda ýaşy, takmynan, 567 million ýyla barabar bolan gadymy deňiz organizmleriniň daşa öwrülen galyndylaryny tapdy. Ylmy barlagyň netijeleri «Science Advances» žurnalynda......