Altaýda 2500 ýyl ozal çylşyrymly hirurgiýa operasiýalary geçirilipdir

  • 19.02.2026 10:16
  • 3.5k+

Nowosibirsk döwlet uniwersitetiniň alymlary Altaý Respublikasynyň Ukok belentliginde tapylan gadymy pazyryk medeniýetine degişli zenanyň kellesini häzirki zaman kompýuter tomografiýasy arkaly öwrendiler. Barlaglar netijesinde, mundan 2,5 müň ýyl ozal bu zenana örän çylşyrymly äň operasiýasynyň edilendigi anyklandy.

Seljermeler zenanyň sag tarapky äň bognunyň mäjum bolandygyny görkezdi. Bu agyr şikes oňa gürlemäge we kadaly iýmitlenmäge mümkinçilik bermändir. Emma süňkleriň biten yzlary äňiň işjeňligini dikeltmäge gönükdirilen hirurgiýa operasiýasynyň geçirilendigine şaýatlyk edýär.
«Şeýle ýönekeý protezirleme bogun ýüzlerini bilelikde saklamaga we hassanyň äňini hereketlendirmegine ýardam beripdir. Bogunlar işläpdir, emma güýçli agyry sebäpli zenan şikesli tarapy bilen iýmit çeýnäp bilmändir»  diýip, medisina ylymlarynyň doktory, professor Andreý Letýagin belleýär.
Tomografiýa bogun böleginde emeli usul bilen açylan iki sany kanaly we äňi saklamak üçin ulanylan maýyşgak materialyň galyndylaryny ýüze çykardy. Zenanyň operasiýadan soň hem esli ýaşandygyny dişleriniň könelen ýagdaýy-da tassyklaýar.
1994-nji ýylda tapylan Pazyryk medeniýetine degişli bu gubur berk listwennisa agajynyň kesindisiniň içinde ýerleşdirilipdir. Bu bolsa hatda gymmat bahaly şaý-sepleriň ýoklugyna garamazdan, zenanyň öz jemgyýetinde örän uly hormata eýe bolandygyny görkezýär.


Barlagçylaryň çaklamasyna görä, beýle agyr şikes atdan ýa-da belentlikden ýykylmak netijesinde ýüze çykyp biler. Operasiýadan soňra zenanyň anyk näçe wagt ýaşandygyny kesgitlemek mümkin bolmasa-da, barlagda hirurgiýa işiniň ýüze çykarylmagy pazyryklylarda lukmançylyk biliminiň diýseň kämil derejede bolandygyny tassyklaýar.


07.06.2026 20:06
3.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

21.05.2026 20:16
3.3k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....