Gadymy küýzeleriň seljermesi ýewropalylaryň müňlerçe ýyl mundan ozal näme iýendigini görkezýär

  • 09.03.2026 10:54
  • 2.9k+

Alymlar gadymy ýewropalylaryň nahar bişirmek üçin dürli önümleri ulanandygyny anykladylar. Bu barlagyň netijeleri PLOS One žurnalynda çap edildi.

Gadymy medeniýetlerde iýlen iýmit, adatça, küýze gaplaryndaky haýwan ýagynyň galyndylaryny seljermek arkaly öwrenilýär. Bu usul diňe haýwandan taýýarlanan önümleri anyklap bilýär. Täze barlagda barlagçylar mikroskopik barlag we himiki taýdan seljermek ýaly birnäçe seljeriş usullaryny ulandylar. Bu olara öň anyklamasy kyn bolan ösümlik yzlaryny tapmaga kömek etdi.

Barlagçylar 58 keramiki gap böleklerindäki organiki galyndylary öwrendiler. Bu tapyndylar Demirgazyk we Gündogar Ýewropadaky 13 arheologik ýadygärliklerden gelip çykýar we biziň eýýamymyzdan öňki VI-III müňýyllyklara degişlidir.

Seljermeler sebitiň gadymy ilatynyň dürli hili ösümliklerden - otlardan, miwelerden, ýapraklardan we tohumlardan tagamlar taýýarlandygyny görkezdi. Ösümlik galyndylary, köplenç, haýwan galyndylarynyň, aglaba balyk we beýleki deňiz önümleriniň ýanyndan tapylýardy.

Şeýle tagamlaryň düzümi sebitlere baglylykda üýtgeýärdi. Barlagçylar munuň ýerli serişdeleriň we medeni däp-dessurlaryň elýeterliligi bilen baglanyşyklydygyna ynanýarlar.

Alnan maglumatlar ýewropaly awçy-ýygnaýjylaryň diňe balyk we et önümlerini iýmek bilen çäklenmändigini görkezýär. Olar ösümlik iýmitlerini işjeň ulanyp, tagamlary taýýarlanlarynda dürli önümleri garyşdyryp ulanypdyrlar.


düýn 17:20
1.7k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

düýn 11:11
2.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

02.06.2026 11:43
4.2k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

02.06.2026 11:16
2.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......