Şotlandiýada meýletinçi arheolog piktleriň müň ýyl ozal ýasan ýüzügini tapdy

  • 12.02.2026 14:49
  • 3.7k+

Beýik Britaniýanyň demirgazygyndaky gadymy Burghed şäherçesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda meýletinçi piktlere degişli bolan, takmynan müň ýyl ozal ýasalan del ýüzük tapyldy. Bu barada Popular Mechanics neşiri habar berýär.
Bu täsin tapyndyny öňki inžener, häzirki wagtda bolsa arheologik gazuw-agtaryş işlerinde meýletinçi bolup işleýän 68 ýaşly pensioner Jon Ralf tapdy. Ol gadymy gurluşygyň poluny arassalap ýörkä, ilki metal iňňäni tapýar, soňra bolsa onuň gözüne gyzyl granat daşy goýlan ýüzük ilýär. 

Gazuw-agtaryş işlerine ýolbaşçylyk edýän Aberdin uniwersitetiniň arheologiýa professory Gordon Nobluň bellemegine görä, piktleriň munuň ýaly şaý-sepleri örän seýrek duş gelýär we olar köplenç ýörite gizlenen hazynalaryň içinden tapylýar. Alymlaryň pikiriçe, Burghed b.e. 500-nji we 1000-nji ýyllary aralygynda pikt patyşalygynyň möhüm häkimiýet merkezi bolupdyr.
Barlag işlerini geçirmek üçin tapylan gymmatlyk Şotlandiýanyň Milli muzeýine tabşyryldy we ol ýerde hünärmenler tarapyndan içgin öwreniler.
Piktler — irki orta asyrlarda Şotlandiýanyň demirgazygynda ýaşan taýpalardyr. Olar uly patyşalyk gurmagy we rimlileriň hem-de angllaryň çozuşlaryna gaýtargy bermegi başarypdyrlar. Birinji müňýyllygyň ahyryna çenli gel ilaty bilen garylan bu halk taryh sahypasyndan ýitip gidipdir.


25.05.2026 20:57
4.1k+

Kanadada 567 million ýyllyk gadymy jandarlaryň yzlary tapyldy

Paleontologlar Kanadanyň Makkenzi daglarynda ýaşy, takmynan, 567 million ýyla barabar bolan gadymy deňiz organizmleriniň daşa öwrülen galyndylaryny tapdy. Ylmy barlagyň netijeleri «Science Advances» žurnalynda......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

21.05.2026 16:24
3k+

Colossal Biosciences-yň alymlary ägirt uly moa guşuny «direltmäge» golaýlaşdy

Colossal Biosciences biotehnologiýa kompaniýasy ýok bolup giden haýwan görnüşlerini dikeltmek ugrunda uly öňegidişlik gazanandygyny yglan etdi. «The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, alymlar emeli......

21.05.2026 09:42
3k+

Ispaniýada 150 mln ýyllyk gaty gowy saklanan stegozawryň kelleçanagy tapyldy

Ispaniýaly paleontologlar Teruel welaýatynda takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen stegozawryň tas bütinleý saklanyp galan kelleçenegini tapdylar. Alymlar bu tapyndyny Ýewropada şu wagta çenli......