12 müň ýyl öňki tikinçiligiň nusgalary Oregon gowagyndan tapyldy

  • 15.02.2026 17:30
  • 3k+

Arheologlar ABŞ-nyň Oregon ştatyndaky gowakdan çykan tapyndylary gaýtadan barlagdan geçirdiler. Alymlar olaryň arasyndaky ýüp hem-de tikilen sugun derisi — tikinçilik sungatynyň iň gadymy nusgasy diýen netijä geldiler. Artefaktyň ýasalanyna azyndan 12 müň ýyl bolupdyr diýip, Science Advance žurnaly habar berýär.

Bu tapyndy baryp,  1958-nji ýylda ýüze çykarylypdy. Emma oňa takyk derňew geçirmek diňe häzirki zaman usullary bilen mümkin boldy.


Alymlar ösümlik süýümlerinden we haýwanlaryň ýüňlerinden egrilen gadymy ýüpleri, süňkden ýasalan iňňeleri, deri böleklerini we şoňa meňzeş başga-da birnäçe zatlary barladylar. Ylmy makala görä, olaryň ählisi giçki pleýstosen döwrüne degişli. Radiokarbon derňewi deriniň takmynan 12 müň ýyl ozal ulanylandygyny görkezdi.
Barlagçylaryň pikiriçe, şeýle önümler eşik ýa-da ýapynja hökmünde hyzmat edip, adamlary sowukda doňup galmakdan gorapdyr. Şol döwre degişli ýerlerden tapylan köp sanly süňk iňňeleri hem muňa şaýatlyk edýär.
Ylmy işiň awtorlary bu barlagyň irki tehnologik ukyplaryň gadymy adamlaryň aman galmagyna, göçüp-gonmalaryna we medeni ösüşine nähili täsir edendigine has gowy düşünmäge kömek etjekdigini belleýärler.


22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......

27.04.2026 15:24
5k+

Arheologlar Yssyk-kölüň düýbündäki suw astynda galan orta asyr şäheriniň syrlaryny açdylar

Halkara arheologik ekspedisiýasy Yssyk-kölüň Töru-Aýgyr obasynyň golaýyndaky suw howzunda geçirilen giň möçberli barlaglaryň netijelerini mälim etdi. Alymlar diňe bir orta asyr şäheriniň köçeleriniň kartasyny......