Panamada müň ýyldan gowrak taryhy bolan altyn şaý-sepli gadymy mazar tapyldy

  • 25.02.2026 06:08
  • 8.5k+

Panamada arheologlar adam süňkleri, altyn şaý-sepler we toýun gap-gaçlar saklanyp galan, müň ýyldan gowrak ýaşy bolan gadymy mazary ýüze çykardylar. Bu täsin açyş Panama-Siti şäherinden takmynan 200 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýän Nata sebitindäki El-Kano arheologik ýadygärliginde hasaba alyndy.

Bu ýerde gazuw-agtaryş işleri eýýäm ýigrimi ýyl bäri dowam edip gelýär. Ozal hem bu ýerden ispan döwründen öňki medeniýetlere degişli mazarlar tapylypdy. Emma barlagçylaryň bellemegine görä, bu täze tapyndy ondaky gymmat bahaly zatlaryň sany we olaryň gowy saklanyp galmagy bilen aýratyn tapawutlanýar. Mazar biziň eýýamymyzyň 800–1000-nji ýyllary aralygyna degişli diýlip çak edilýär.
Adam süňkleri altyn önümleriň we däp bolan nagyşlar bilen bezelen toýun gap-gaçlaryň arasynda tapyldy. Esasanam, iki sany bilezik, iki gulakhalka hem-de ýarganatlaryň we krokodilleriň şekili çekilen döş bezegi arheologlarda uly gyzyklanma döretdi. Alymlaryň pikirine görä, şeýle gymmatlyklar bilen jaýlanan adam öz wagtynda ýokary jemgyýetçilik derejesine eýe bolupdyr.
El-Kano ýadygärligi VIII–XI asyrlar aralygynda Panamanyň merkezi böleginde ýaşap geçen siwilizasiýalar bilen baglanyşyklydyr. Alymlaryň çaklamasyna görä, bu ýer takmynan iki asyryň dowamynda begzadalaryň we ýokary gatlagyň wekilleriniň jaýlanýan ýeri (nekropol) bolup hyzmat edipdir. Häzirki wagta çenli bu ýerde şunuň ýaly dokuz sany mazar ýüze çykaryldy.
Panamanyň Medeniýet ministrligi bu açyşyň Merkezi Amerika gury ýer zolagynda ýaşap geçen ispanlardan öňki jemgyýetleri öwrenmekde ähmiýetiniň örän uludygyny mälim etdi. Barlagçylar jaýlanyş keşbiniň şol döwürdäki adamlaryň ölüme bolan aýratyn garaýşyny — ýagny, ölümiň bir dünýäden başga dünýä geçişdigini we onda sosial derejäniň saklanyp galýandygyny görkezýändigini belleýärler.


07.06.2026 20:06
3.1k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

21.05.2026 20:16
3.3k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....