Rumyniýada derman serişdelerine durnukly 5 müňýyllyk bakteriýa tapyldy

  • 18.02.2026 15:44
  • 2.9k+

Rumyn alymlary Skerişoara gowagyndan häzirkizaman antibiotiklerine durnukly bolan gadymy bakteriýa ştammyny tapdy. Bu tapyndy barada «Frontiers in Microbiology» ylmy žurnalynda habar berilýär.
Psychrobacter SC65A.3 bakteriýasy ýaşy, takmynan, 5 müň ýyl diýlip çak edilýän buz gatlaklarynda ýüze çykaryldy. Barlaglar bu ştammyň häzirki antibiotikleriň birbada 10 görnüşine garşy durmaga ukyplydygyny görkezdi. Şeýle hem bakteriýada derman maddalarynyň täsirini bitaraplaşdyrmaga gönükdirilen 100-e golaý gen tapyldy.
Rumyniýanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Kristina Purkerýa buzlaryň eremegi bilen şeýle mikroorganizmleriň daşky gurşawa ýaýrap, öz durnuklylyk ukyplaryny beýleki bakteriýalara geçirip biljekdigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu ýagdaý mikroblaryň dermanlara bolan durnuklylygynyň ýokarlanmak meselesini has-da kynlaşdyryp biler.
Şeýle-de bolsa, hünärmen gadymy bakteriýalary öwrenmegiň durnuklylyk mehanizmleriniň entek adamzat tarapyndan antibiotikler köpçülikleýin ulanylyp başlanmazdan ozal nähili emele gelendigine düşünmäge kömek edýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, Psychrobacter SC65A.3 bakteriýasy stafilokokk, gök iriňli taýajyk we beýleki superbakteriýalar diýlip atlandyrylýan mikroblaryň köpelmegini saklaýan maddalary bölüp çykarýar. Bu bolsa bu ştammy geljekki ylmy barlaglar üçin ähmiýetli obýekte öwürýär.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....