Şahly kelleçanaklaryň ýygyndysy neandertallarda öz däp-dessurlarynyň bolandygyny görkezdi

  • 09.02.2026 08:44
  • 4.3k+

Ispaniýanyň merkezinde arheologlar şahly haýwanlaryň kelleçanaklaryndan ybarat bolan, ýörite tertipde ýerleşdirilen 35 sany eksponaty tapdylar. Geçirilen barlaglar bu ýygyndyny neandertallaryň hojalyk maksatlary üçin däl-de, eýsem, ýörite niýet bilen ýygnandygyny we ýerleşdirendigini görkezdi.
Gürrüň Iberiýa ýarymadasynyň merkezinde ýerleşýän we 2009-njy ýylda açylan De-Kubýerta gowagy barada barýar. 2023-nji ýylda alymlar uly süýdemdirijileriň — esasan hem sähra zubrlarynyň we turlaryň kelleçanaklarynyň tapylandygy barada habar berdiler. Tapyndylaryň köpüsiniň aşaky äň süňkleriniň ýokdugy-da bellige alyndy. Şol medeni gatlakda neandertallar bilen baglanyşykly mustýer görnüşli 1400-den gowrak daş gurallary hem tapyldy. Bu ugurda alnyp barlan işleriň netijeleri Archaeological and Anthropological Sciences žurnalynda neşir edildi.


Alkala uniwersitetiniň doktoranty Lusiýa Wilýaeskus Fernandesiň düşündirişine görä, jikme-jik seljerme tapyndylaryň diňe bir geologik ýagdaýlary däl, eýsem, adamyň haýsydyr bir maksada gulluk edip, ýerine ýetiren hereketlerini-de görkezýändigini subut etdi. Alymlar gaýa sypyrylmalarynyň netijelerini aýratyn öwrendiler we kelleçanaklaryň gowaga tötänleýin düşüp bilmejegi baradaky karara geldiler.
Şunlukda kelleçanaklaryň mundan 135 müň we 43 müň ýyl ozal aralygyndaky sowuk döwürlerde gowagyň şol bir künjeklerinde birnäçe gezek ýöriteläp ýerleşdirilendigi anyklanyldy. Alymlar bu hereketi neandertallarda  nesilden-nesle geçip gelen, durnukly medeni däp-dessurlaryň bolandygynyň delili hasaplaýarlar.


25.05.2026 20:57
4.1k+

Kanadada 567 million ýyllyk gadymy jandarlaryň yzlary tapyldy

Paleontologlar Kanadanyň Makkenzi daglarynda ýaşy, takmynan, 567 million ýyla barabar bolan gadymy deňiz organizmleriniň daşa öwrülen galyndylaryny tapdy. Ylmy barlagyň netijeleri «Science Advances» žurnalynda......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

21.05.2026 16:24
3k+

Colossal Biosciences-yň alymlary ägirt uly moa guşuny «direltmäge» golaýlaşdy

Colossal Biosciences biotehnologiýa kompaniýasy ýok bolup giden haýwan görnüşlerini dikeltmek ugrunda uly öňegidişlik gazanandygyny yglan etdi. «The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, alymlar emeli......

21.05.2026 09:42
3k+

Ispaniýada 150 mln ýyllyk gaty gowy saklanan stegozawryň kelleçanagy tapyldy

Ispaniýaly paleontologlar Teruel welaýatynda takmynan 150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen stegozawryň tas bütinleý saklanyp galan kelleçenegini tapdylar. Alymlar bu tapyndyny Ýewropada şu wagta çenli......