Gadymy müsür hatdatlary 3300 ýyl öň häzirki ýaly ştrihler bilen ýalňyşlaryny düzedipdirler

  • 22.03.2026 16:03
  • 4.2k+

Gadymy Müsüriň hatdatlarynyň papiruslardaky ýalňyşlary häzirki zaman kanselýariýa ştrihine meňzeş madda bilen düzedendikleri alymlar tarapyndan subut edildi. Bu barada Kembrijdäki Fiswilliam muzeýiniň hünärmenleri mälim edýärler.

Bu aýratynlyk «Gadymy Müsürde ýasaldy» atly sergä taýýarlyk görülýän wagtynda ýüze çykaryldy. Sergi şaý-sepleriň, keramika önümleriniň we heýkelleriň döredilmeginde ulanylan tehnologiýalara we hünär usullaryna bagyşlanýar.

Sergä goýmak üçin «Merhumlar kitabynyň» 3300 ýyllyk nusgasyny taýýarlamak bilen meşgullanýan guramaçy Helen Stradwik adaty bolmadyk täsin bir ýagdaýa üns berýär. Sahypalaryň birinde b.e. öňki XIII asyrda patyşa arhiwlerini dolandyryjy Ramos atly hatdat we onuň ýanynda şagal kelleli Upuaut hudaýy diýlip çaklanylýan jandaryň suraty çekilipdir.

Mesele içgin öwrenilende, şagalyň şekiliniň iki tarapynda hem galyň ak reňk gatlagynyň bardygy anyklandy. Barlaglar bu maddanyň kalsit we hantitden ybaratdygyny görkezdi. Ramosyň eşigindäki ak reňkiň diňe hantitden ýasalandygy, şagalyň daşyndaky gatlagyň bolsa ýörite suraty düzetmek üçin çalynandygy subut edildi.

Stradwigiň aýtmagyna görä, nakgaş bu usul bilen şekiliň gyralaryny üýtgedip, ony has inçeldipdir. Mikroskop astynda ak tegmili papirusyň reňkine sazlamak üçin ulanylan sary reňkiň yzlaryny hem görmek bolýar.

«Merhumlar kitaby» ýazylan bu papirus 1922-nji ýylda Sedmentdäki guburlaryň birinden tapylypdy. Ol biziň döwrümize ýeten şeýle mazmunly ýazgylaryň iň oňat saklanan nusgalarynyň biri hasaplanýar.


08.06.2026 16:45
4.1k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

04.06.2026 18:07
7.2k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

25.05.2026 20:57
4.2k+

Kanadada 567 million ýyllyk gadymy jandarlaryň yzlary tapyldy

Paleontologlar Kanadanyň Makkenzi daglarynda ýaşy, takmynan, 567 million ýyla barabar bolan gadymy deňiz organizmleriniň daşa öwrülen galyndylaryny tapdy. Ylmy barlagyň netijeleri «Science Advances» žurnalynda......

22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....