Müsürde üsti altyn bilen örtülen 4300 ýyllyk abat mumiýa tapyldy

  • 21.02.2026 17:18
  • 9.1k+

Arheologlar Müsüriň Sakkara nekropolyndan 4300 ýyl ozal möhürlenen hek daşyndan ýasalan sarkofagy açdylar. Onuň içinden altyn çaýylan, heniz ellenmedik görnüşde mumiýa tapyldy. Earth neşiriniň habar bermegine görä, 15 metrlik şahtanyň düýbünden tapylan bu gubur Gadymy patyşalygyň Bäşinji we Altynjy nesilleriniň döwrüne degişlidir.
Sarkofagyň içinde ýerlenen Heka-Şepes atly adamyň bedeni oralan matanyň üstünden ýukajyk altyn gatlaklar bilen örtülipdir. Altynyň beýle bol ulanylmagy, ýogalan adamyň jemgyýetdäki derejesiniň ýokary bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu täsin tapyndy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Memfis nekropolyndaky gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykaryldy.
Arheologlar ol ýerde esasy otagdan başga-da, ýene iki sany şahtanyň üstünden bardylar. Şahtalaryň birinden patyşalyk toplumynyň ruhanysyna degişli bolan, reňklenen hek daşyndan ýasalan 9 sany heýkeljik çykdy. 10 metrlik beýleki bir şahta bolsa Fetek atly adamyň aram tapan ýerine alyp bardy. Ol ýerden hem agaç we daş heýkeller, sadaka saçagy we sarkofag tapyldy.
Mundan başga-da, alymlar dürli tumarlary, kosmetika gaplary we gündelik durmuşda ulanylýan keramiki gap-çanaklary tapdylar. Guburlaryň diwarlaryndaky iýeroglif ýazgylarynda ýogalanlaryň derejesi we garyndaşlyk gatnaşyklary barada maglumatlar berilýär. Ähli tapyndylar saklamak we resmileşdirilmek üçin degişli ýerlere ugradyldy.


düýn 08:53
3.1k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....