Sudandaky 4000 ýyllyk aramgäh Kerma medeniýetiniň gizlin däplerinden habar berýär

  • 18.02.2026 19:30
  • 5.1k+

Sudanyň Baýuda çölünde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda alymlar takmynan 4000 ýyl ozalky döwre degişli bolan täsin gubury ýüze çykardylar. Bu tapyndy biziň eýýamymyzdan öňki 2500–1500-nji ýyllar aralygynda gülläp ösen gadymy Nubia patyşalygy — Kerma baradaky bilinýän maglumatlary has-da baýlaşdyrdy.

Guburdaky erkek kişi arkan ýatyrylyp, kellesi-de gündogara tarapa bakdyrylypdyr. Aýaklarynyň bükülip, dabanynyň çanaklyk süňküniň üstünde goýulmagy bolsa, Kerma medeniýetiniň özboluşly "golýazmasy" hasaplanýar.
Biologik seljermeler bu adamyň örän berdaşly bolandygyny, ýöne ýarym çöllük ýerleriň agyr şertlerinde zähmet çekip, çäkli iýmitlenendigini görkezdi.


Onuň ýanyndan elde ýasalan iki sany keramika gaby tapyldy. Küýzäniň içinde kömre dönüp giden ösümlik galyndylary, haýwan süňkleri we tomzaklaryň bölekleri bar. Bu zatlar gabyň içine ýörite, belli bir yryma eýerilip salnypdyr.
Mundan 4000 ýyl ozal bu aramgähiň ýerleşýän baýyrlary häzirki ýaly gurak çöl däl-de, dürli otlar we gyrymsy agaçlar bilen örtülen çygly sähra çalymdaş bolupdyr.
Tapylan taryhy tapyndy bolsa, ähmiýetli ýadygärlik bolmak bilen birlikde, gadymy Nubia sebitiniň gündelik durmuşyna, däp-dessurlaryna we daşky gurşawyň wagtyň täsiri netijesinde nähili üýtgeşmelere sezewar bolandygyna düşünmäge ýardam edýär.


22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......

27.04.2026 15:24
5k+

Arheologlar Yssyk-kölüň düýbündäki suw astynda galan orta asyr şäheriniň syrlaryny açdylar

Halkara arheologik ekspedisiýasy Yssyk-kölüň Töru-Aýgyr obasynyň golaýyndaky suw howzunda geçirilen giň möçberli barlaglaryň netijelerini mälim etdi. Alymlar diňe bir orta asyr şäheriniň köçeleriniň kartasyny......