Şweýsariýanyň Alp daglarynyň jülgesinde 3500 ýyllyk bürünç palta we iňňebagjyk tapyldy

  • 07.03.2026 10:24
  • 3k+

Şweýsariýanyň demirgazyk-günbataryndaky Leýmental jülgesinde takmynan 3500 ýyllyk bürünç palta we eşige dakylýan iňňebagjyk tapyldy. Bu tapyndylar yzygiderli arheologik barlaglaryň dowamynda ýüze çykaryldy diýip, Die Archäologie Baselland guramasy habar berýär.

Bu artefaktlar 2024-nji ýylyň tomsunda meýletinçi ylmy işgär tarapyndan Fransiýanyň serhedine golaý Burg-im-Leýmental obasynyň ýokarsyndaky Şlossfelzen gaýasynyň etegindäki dik eňňitde metal detektoryň kömegi bilen tapyldy. Ilki bilen 22 santimetr uzynlykdaky bürünç palta, soňra golaýyndaky iňňebagjyk tapyldy.

Arheologlar bu zatlary takmynan miladydan öňki 1500-nji ýyla, Orta Bürünç asyryna degişli edýärler. Şol ýerden 1858-nji ýylda bürünç orak hem tapyldy, bu bolsa bu ýeriň arheologik ähmiýetiniň bardygyny görkezýär.

Palta toprak bilen doldurylan daş boşlugynda tapyldy, bular onuň däbe görä jaýlanandygyny aňladýar. Bilermenler tapylan zatlaryň wagtyň geçmegi bilen ýitirilen ýa-da talanan has uly hazynanyň bir bölegi bolmagynyň mümkindigine ynanýarlar.


19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

15.06.2026 18:40
6.4k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....