Gury ýerdäki ilkinji ot iýýän jandar: 307 million ýyllyk Tyrannoroter tapyldy

  • 13.02.2026 23:10
  • 6.9k+

Paleontologlar ösümlikler bilen iýmitlenmegi başaran iň irki oňurgaly jandarlaryň birine degişli 307 million ýyllyk galyndylary ylmy esasda suratlandyrdylar. Bu möhüm gözleg Nature Ecology & Evolution žurnalynda çap edildi.

Bu gadymy jandara ony ilkinji tapan paleontolog-höwesjeň Braýan Hebertiň hormatyna Tyrannoroter heberti diýlip at berildi.
Uzynlygy takmynan 30 santimetr bolan bu jandaryň kellesi amerikan futbolynyň topuna meňzeş göwrümdedi.
Ol gysga aýakly, bitin göwreli uly bir hažžygy ýatladýar. Emma ylmy taýdan ol ne süýreniji, ne-de süýdemdiriji haýwandyr — ol tetrapodlaryň (dört aýakly oňurgalylaryň) irki şahasyndadyr.
Galyndylar Kanadanyň Täze Şotlandiýa welaýatyndaky Keýp-Breton adasyndan tapyldy.
Tapylyp alnan kelleçanagyň agzy berk ýapyk ýagdaýda bolany üçin, alymlar onuň içki gurluşyny kompýuter tomografiýasy arkaly öwrendiler. Skanirleme garaşylmadyk netijeleri berdi:Goşmaça dişler: Jandaryň diňe bir äňlerinde däl, eýsem taňlaýynda hem ösümlikleri owratmak we çeýnemek üçin ýöriteleşen goşmaça dişleriň bardygy ýüze çykaryldy. Bu diş gurluşy onuň ösümlik bilen iýmitlenendigine (ot iýýändigine) güwä geçýär. Alymlaryň pikiriçe, ol diňe ösümlik däl, eýsem mör-möjekler bilen hem iýmitlenip, "garyşyk iýmitli" jandar bolan bolmagy ähtimal.
Tyrannoroter Daş kömür eýýamynyň (Karbon) ahyrynda — Ýer şarynda tropiki tokaýlaryň ýok bolup, howanyň düýpli üýtgeýän döwründe ýaşapdyr. Bu gözleg, irki oňurgalylaryň üýtgeýän ekologiýa nähili uýgunlaşandygyny we ösümlik dünýäsiniň iýmit çeşmesine öwrülmeginiň ewolýusiýa nähili täsir edendigini düşündirmäge kömek edýär.


düýn 08:10
4.9k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......