Singapurda deňziň düýbünden Ýuan döwrüne degişli iň uly farfor toplumy çykaryldy

  • 27.02.2026 11:59
  • 2.6k+

Suwa çümen «Temasek Wreck» gämisiniň bortunda suwasty barlaglaryň taryhynda Ýuan döwrüniň iň uly seýrek gök-ak farfor toplumy tapyldy. Bu açyş barada Günorta-Gündogar Aziýa barlaglar institutynyň ekspedisiýa ýolbaşçysy doktor Maýkl Flekker habar berdi.

Arheologlar Pedra-Branka adasynyň golaýynda takmynan 3,5 tonna keramika böleklerini ýokary galdyrdylar. Tapyndylaryň arasynda 1271–1368-nji ýyllar aralygynda ýasalan 2350-den gowrak önüm bar. Gök-ak farfordan başga-da, ýükleriň arasynda seladon, sinbaý, şufu görnüşli önümler, Dehua ak keramikasy we Fusýan welaýatynyň ýaşyl önümleri bar.
Barlaglara görä, çümen gämi Hytaýyň adaty «jonka» atly ýelkenli gämisi bolupdyr. Ol 1340–1352-nji ýyllar aralygynda Sýuançžou port şäherinden ýola çykypdyr. Tapylan okara we tarelkalaryň ölçegleri (diametri 35 santimetrden uly däl) ozal Singapurda geçirilen gury ýerdäki gazuw-agtaryş işlerinde tapylan tapyndylar bilen meňzeşdir. Bu bolsa Temasek şäheriniň gäminiň iň soňky duralgasy bolandygyny we harytlaryň ýerli asylzadalara niýetlenendigini subut edýär.
Gymmatlyklary galdyrmak işleri 2016–2019-njy ýyllar aralygynda geçirildi. Häzirki wagtda Singapuryň Milli miras geňeşi önümleri muzeýlere bermek üçin olary duzdan arassalamak we gorap saklamak işlerini amala aşyrýar. Bu ylmy barlag Journal of International Ceramic Studies žurnalynda çap edildi.


22.05.2026 15:41
4k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

14.05.2026 14:30
5.7k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

10.05.2026 10:31
6k+

Horwatiýada bazaryň aşagyndan el degrilmedik rim gubury tapyldy

Horwatiýanyň Winkowsi şäherinde açyk bazaryň durkuny täzelemek işleri wagtynda arheologlar gadymy Sibalae şäherine degişli rim nekropolyny (gonamçylygyny) ýüze çykardy. Şol ýerde dolulygyna saklanyp galan we......

27.04.2026 15:24
5k+

Arheologlar Yssyk-kölüň düýbündäki suw astynda galan orta asyr şäheriniň syrlaryny açdylar

Halkara arheologik ekspedisiýasy Yssyk-kölüň Töru-Aýgyr obasynyň golaýyndaky suw howzunda geçirilen giň möçberli barlaglaryň netijelerini mälim etdi. Alymlar diňe bir orta asyr şäheriniň köçeleriniň kartasyny......