136 ýyl ozal heläkçilige uçran gämiň galyndylary tapyldy

  • şu gün 16:31
  • 731

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatyndaky tebigy künjekli seýilgähiň plýažynda güýçli kenar eroziýasyndan soň, gark bolaly bäri üstünden 136 ýyl geçen «Lowrens N. Makkenzi» ýelkenli gämisi tapyldy. Bu barada Smithsonian Magazine neşirinde beýan edilýär.
Puert-Rikodan Nýu-Ýorka pyrtykal ýüküni daşaýan gäminiň galyndylary gyşky harasatlar we ägirt uly tolkunlar netijesinde çäge gatlagynyň syrylmagy bilen ýüze çykdy.
Gämi 1890-njy ýylyň 21-nji martynda goýy dumanyň içinde heläkçilige uçrapdyr. 8 adamdan ybarat bolan ekipaža halas bolmak başardýar. Sitrus miweleriniň ýüki şol wagt iki müň dollar, gäminiň özi bolsa dokuz müň dollar (häzirki döwrüň hümmetine geçirseň takmynan 330 müň dollara) diýlip bahalandyrylypdy.
Hemişe üýtgäp durýan ýalpak ýerleri we kanallary bolan bu kenarýaka bölek il arasynda «Atlantikanyň mazary» diýlen at bilen tanalýar. Bug bilen işleýän gämiler peýda bolýança, bu ýerlerde her ýyl 40-a golaý gämi heläkçilige uçraýan ekeni.


03.02.2026 14:51
6.8k+

Alymlar 7 müň ýyl ozal gülzarlyk bolan Saharada ýaşan nabelli adamlaryň yzlaryny tapdylar

Halkara alymlar topary Saharanyň heniz otluk lälezar döwründe ýaşan adamlaryň doly genomyny açdylar. Genomlar Liwiýanyň günorta-günbataryndaky Takarkori gaýa penahanasynda galyndylary tapylan iki aýala degişlidir...

27.08.2024 14:06
21k+

12 ýaşly oglanjyk itini gezdirip ýörkä gadymy Rim altyn bilezigini tapdy

Angliýaly 12 ýaşly Rouen Brennen Rim imperiýasynyň altyn bilezigini tapdy. Oglanjyk bilezigi ejesi Amanda Brennen bilen itini gezdirip ýörkä tapdy diýip, Live Science habar berýär. Bu ýadygärlik, Günbatar Susseksiň...

şu gün 15:41
3k+

Indoneziýada täsin ululykda piton tapyldy: ýylanyň uzynlygy 7 metrden geçýär

Sulawesi adasynda dünýäniň rekordlar sanawyny täzelän ýylan tapyldy. Ibu Baron (Baronessa) diýlip atlandyrylan torjumak urkaçy piton Ýer ýüzünde iň uzyn ýabany ýylan diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi...

düýn 18:47
7.4k+

Marokkoda güýçli ýagyş we derýa joşgunlary sebäpli müňlerçe adam ewakuasiýa edildi

Marokkoda güýçli ýagyşlar we derýa joşgunlary halky howp astynda goýdy.  Häkimiýetler siliň gelmegi ähtimallygy zerarly ýurduň demirgazygyndaky Ksar-el-Kebir şäheriniň ýaşaýjylaryny köpçülikleýin ewakuasiýa edip başladylar...