Alymlar 7 müň ýyl ozal gülzarlyk bolan Saharada ýaşan nabelli adamlaryň yzlaryny tapdylar

  • 03.02.2026 14:51
  • 7.2k+

Halkara alymlar topary Saharanyň heniz otluk lälezar döwründe ýaşan adamlaryň doly genomyny açdylar. Genomlar Liwiýanyň günorta-günbataryndaky Takarkori gaýa penahanasynda galyndylary tapylan iki aýala degişlidir.
Barlagyň netijeleri Nature žurnalynda çap edildi.
Anyklanylmagyna görä, bu aýallar mundan 7 müň ýyl ozal, Saharanyň derýalar we köller bilen gurşalan ýaşyl sawanna bolan döwründe ýaşapdyrlar. Genetiki seljerme olaryň ozal nämälim bolan demirgazyk afrika şahasyna degişlidigini görkezdi. Bu şaha Marokkonyň 15 müň ýyllyk taryhy bolan iberomawritan medeniýetiniň ilatyna ýakyndyr. Şunuň özi-de sebitiň ilatynyň genetiki taýdan uzak wagtlap durnukly galandygyny görkezýär.
Şeýle-de, maglumatlar aragatnaşyk üçin amatly tebigy şertleriň bolandygyna garamazdan, bu ilatyň Saharanyň günortasyndaky Afrika halklary bilen göze ilerlik derejede garyşmandyklaryny subut edýär. Genomda neandertal DNK-synyň ujypsyz garyndysy hem tapyldy. Bu bolsa gadymky Ýewraziýadan Demirgazyk Afrika tarap «yzlygyna migrasiýanyň» yşaratydyr.
Barlag Saharada maldarçylygyň adamlar köpçülikleýin göçüp gelmesizden ýaýrandygyny görkezdi. Ýerli awçy-ýygnaýjylar genetiki dowamlylygy saklap, täze bilimleri we haýwanlary özleşdiripdirler.
Alymlar bu gadymy ilatyň yzlaryny Günbatar Afrikanyň çarwa maldarlary bolan häzirki fulbe halkynda ýüze çykardylar.


17.02.2026 17:12
6.4k+

ABŞ-da 154 ýyl ozal suwuň düýbüne giden gämi tapyldy

Dünýäniň dürli ýerlerinde suwa giden gämileri agtarmak bilen meşgullanýan Shipwreck World guramasy Miçigan kölüniň düýbünde Lac La Belle bug gämisiniň tapylandygyny habar berdi. Associated Press neşiriniň ýazmagyna görä, bu gämi 150 ýyldan gowrak wagt ozal güýçli harasat sebäpli heläkçilige uçrapdy...

06.02.2026 16:31
5.1k+

136 ýyl ozal heläkçilige uçran gämiň galyndylary tapyldy

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatyndaky tebigy künjekli seýilgähiň plýažynda güýçli kenar eroziýasyndan soň, gark bolaly bäri üstünden 136 ýyl geçen «Lowrens N. Makkenzi» ýelkenli gämisi tapyldy. Bu barada Smithsonian Magazine neşirinde beýan edilýär...

27.08.2024 14:06
21k+

12 ýaşly oglanjyk itini gezdirip ýörkä gadymy Rim altyn bilezigini tapdy

Angliýaly 12 ýaşly Rouen Brennen Rim imperiýasynyň altyn bilezigini tapdy. Oglanjyk bilezigi ejesi Amanda Brennen bilen itini gezdirip ýörkä tapdy diýip, Live Science habar berýär. Bu ýadygärlik, Günbatar Susseksiň...

düýn 13:55
10k+

Güýçli gar sebäpli ABŞ-da adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda höküm sürýän syrgynly gar sebäpli 60 milliondan gowrak adam adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň täsir zolagyna düşdi. Bu barada Hill neşiri habar berýär. «Delawer, Massaçusets, Nýu-Ýork, Nýu-Jersi, Pensilwaniýa we Rod-Aýlend ştatlary adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdiler, bu bolsa 60 milliondan gowrak adama täsir etdi» diýlip, habarda aýdylýar...