14k+

Serdar Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy

2-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy...

3.5k+

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň halkara sergisi geçiriler

Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde 3 sany iri forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. Olar - Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresi, Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahaty...

2.9k+

Waksina derä sürtülende sanjymdan has täsirli bolýar: syçanlarda synag edildi

Barlagçylar deri çekilende ýerli ýagdaýda waksinanyň ulanmagyň adaty inýeksiýalardan has täsirli işländigini anykladylar. Synaglar syçanlarda geçirildi. Bu barada Londonyň King’s College uniwersitetiniň hem-de Fransiýanyň INSERM — Milli saglyk we lukmançylyk gözleg institutynyň hünärmenleri Cell Reports žurnalynyň sahypalarynda paýlaşdylar...

5.9k+

Ekologlar Amazon tokaýlarynyň onlarça keseliň öňüni almaga kömek edýändigini subut etdiler

Daşky gurşawy goraýjylaryň halkara topary arassa tokaýlyklaryň uly meýdany tutýan Amazon sebitlerinde ýangyn bilen baglanyşykly 27 keseliň we zoonoz ýokançlygynyň ep-esli az bolýandygyny anyklady. Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň (IUCN) habaryna görä, bu maglumatlar tokaýy çapylan ýerleri dikeltmegiň we agaç çapmagyň çäklendirilmeginiň zerurdygyny tassyklaýar...

2.9k+

Aşgabatda oktýabrda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

10–12-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Çäreleriň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti çykyş edýär...

6.6k+

ÝUNISEF: dünýäde aşa agramly çagalaryň sany 391 milliona ýetdi

Artykmaç agramy bolan 5 ýaşdan 19 ýaşa çenli çagalaryň we ýetginjekleriň sany 2000-nji ýyldan bäri iki esse artyp, 391 milliona ýetdi. Bu barada BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) çagalaryň iýmitleniş ýagdaýyna bagyşlanan täze hasabatynda aýdylýar...

3.5k+

Neuralink 2026-njy ýylda ilkinji gezek kör hassa çip goýar

Amerikaly telekeçi Ilon Mask 2026-njy ýylda Neuralink kompaniýasynyň kör hassa görüş implantatyny goýmak boýunça ilkinji operasiýany geçirjekdigini aýtdy. Maskyň sözlerine görä, çip görşi bölekleýin dikelder. Neuralink birnäçe ýyl bäri görşi dikeltmek üçin tehnologiýalary işläp taýýarlamaklyga gönükdirilen Blindsight programmasynyň üstünde işleýär...

2.8k+

BSGG maýmyn mamasy boýunça adatdan daşary ýagdaý režimini ýatyrdy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy indi maýmyn mamasynyň ýaýrawyny halkara derejesindäki adatdan daşary ýagdaý hökmünde görmeýär. Bu barada BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus aýtdy. Adatdan daşary ýagdaý režimi bir ýyldan gowrak ozal bu ýokanjyň Afrikada ýaýramagy sebäpli adatdan daşary komitetiň görkezmeleri boýunça girizilipdi...

4.2k+

Ýapon şäheri ýaşaýjylaryny smartfon ulanylyşyny günde iki sagat bilen çäklendirmäge çagyrdy

Ýaponiýanyň Toýoake şäheriniň häkimligi onlaýn garaşlylyga garşy göreşiň çäklerinde ýaşaýjylary smartfon ulanylyşyny günde iki sagada çenli çäklendirmäge çagyrdy. Bu barada The Guardian habar berýär. Şäher häkimi Masafumi Koki bu çäräniň fiziki we psihiki saglyk meselelerine getirip biljek, şeýle-de ukyny bozup bilýän gurluşlaryň aşa köp ulanylmagynyň öňüni almaga gönükdirilendigini düşündirdi...

5.7k+

Türkmen alymlary arça ýagynyň esasynda şypaly melhem taýýarladylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ýaş hünärmenleri S.Lisowenko we D.Arazow arçanyň dürli böleklerinden efir ýaglaryny almak we olaryň esasynda üç görnüşli şypaly melhem taýýarlamak boýunça gözleg işlerini geçirdiler...

8.5k+

Hytaýda ilkinji gezek adama doňzuň öýkeni oturdyldy

Hytaýda alymlar topary ilkinji gezek genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan alnan öýkeni ölüm halyndaky hassa oturtdy. Organ şol bada bitişmezlik ýagdaýyny görkezmedi. Bu hem ylmy gözlegçileriň pikiriçe, haýwan organlaryny ksenotransplantasiýa üçin ulanyp boljakdygyny tassyklaýar diýip, Nature Medicine habar berýär...

5.2k+

Russiýaly alymlar pnewmoniýany we meningiti oýaryjyny dargadýan wirusy tapdylar

Sibir Ylymlar akademiýasynyň (SO RAN) Himiýa-biologiýa we fundamental lukmançylyk institutynyň hünärmenleri pnewmoniýa, meningit, sepsis döredýän we köplenç hassahanalarda giňden duş gelýän howply bakteriýany ýok edip bilýän täze wirus-bakteriofagy açdylar diýip, «Nauka v Sibiri» neşiri habar berýär...

2.5k+

ABŞ-da düzgünleşdiriji dowamly öýken keselini bejermek üçin ilkinji derman serişdesini tassyklady

ABŞ-nyň Azyk önümleriniň hiline we derman serişdelerine gözegilik müdirligi (FDA) Insmed kompaniýasynyň mukowissidozsyz bronhoektazlary bejermek üçin niýetlenen Brinsupri dermanyny tassyklady. Bu dowamly öýken keseli dem alyş ýollarynyň öwezini dolup bolmajak zeperlenmesi, dowamly üsgülewük we nemiň  artykmaç bölünip çykmagy bilen utgaşýar diýip, Reuters ýazýar...

8.6k+

Kanadada bir zenanyň göz hanasyna diş oturdyp, görüşini dikeltdiler

Kanadanyň Wankuwer şäherinde oftalmolog Greg Moloni adaty bolmadyk operasiýany etdi. Ol 75 ýaşly Geýl Leýniň göz hanasyna dişi implant etdi we onuň görüşini dikeltdi. Lukmançylykda seýrek duşýän bu prosedura osteo-odontokeratoprotezlemek diýilýär diýip, ýerli CBC radiostansiýasynyň web sahypasy habar berýär...

3.4k+

NASA we Google Cloud kosmosda astronawtlara kömek etmek üçin EA lukmanyny döredýär

NASA we Google Cloud uzak dowam edýän kosmos missiýalarynda astronawtlara diagnoz goýmakda we bejermekde kömek edip biljek emeli aň ulgamyny synagdan geçirýär. Ulgam “Ekipaž lukmanynyň sanly kömekçisi” (CMO-DA) adyny aldy we Aýa gaýdyp barmak boýunça “Artemid” missiýasyndan başlap, ekipažly uçuşlara taýýarlygyň çäklerinde döredildi...