Türkmen lukmanlary ilkinji gezek çaga ysmaz keselini bejermek boýunça çylşyrymly operasiýany geçirdiler

  • 18.08.2025 09:01
  • 9.6k+

Türkmenistanyň hirurg lukmanlary Germaniýadan çagyrylan hünärmen bilen bilelikde Türkmenistanda ilkinji gezek selektiw dorsal rizotomiýa — çaga ysmaz keselini bejermek boýunça çylşyrymly neýrohirurgiki operasiýany üstünlikli geçirdiler. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habir berildi. 

Bellenilişi ýaly, ýakynda bolsa dostlukly ýurduň Aşau şäheriniň ortopediýa hassahanasynyň spinal hirurgiýa bölüminiň müdiri Bronek Maksimilian Boşik ýurdumyza ilkinji iş saparyny amala aşyryp, ýerli lukmanlar bilen näsaglary barlagdan geçirdi we operasiýalara gatnaşdy. Şeýle-de ol täze hirurgik bejergini ýurdumyzda amaly lukmançylyga netijeli ornaşdyrmak babatda türkmen kärdeşleri bilen öz tejribesini paýlaşdy. Netijede, çagalarda we uly adamlarda oňurga sütüniniň şikeslerinde, gyşarmalarynda, dogabitdi kesellerinde, täze döremelerinde we degeneratiw kesellerinde ýokary derejeli anyklaýyş amallarydyr operatiw bejergiler ýerine ýetirildi. Hususan-da, çaga serebral ysmazy, spastiki tetraparez keselini bejermekde rizotomiýa operasiýasy ýurdumyzda ilkinji gezek üstünlikli geçirildi. Nemes lukmany Bronek Maksimilian Boşik bilen ýerli lukmanlarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Şikesleri bejeriş halkara merkezinde çaga serebral ysmazy, spastiki tetraparez keselinden ejir çekýän, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy bolan 10 ýaşly çaga rizotomiýa operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy. Operasiýadan soňra çaganyň ýagdaýlary kanagatlanarly.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....