EA-nyň ornaşdyrylmagy lukmanlaryň düwnük keselini anyklamak başarnygyny peseltdi – The Lancet

  • 16.08.2025 23:38
  • 4.4k+

Lukmanlar ençeme aýlap emeli aň tehnologiýalary ulanylandan soň düwnük keselini özbaşdak anyklamak başarnygyny ýitirýär. The Lancet iňlis žurnalynda neşir edilen ylmy gözlegde alymlar şeýle netijä geldi.  

Ylmy gözleg 2021-nji ýylyň ahyrynda – 2022-nji ýylyň başynda Polşada dört sany endoskopiýa merkezinde geçirildi. Bu ýerde polipleri ýüze çykarmak üçin EA ulanyldy. Alymlar EA ornaşdyrylmazdan üç aý öň we ornaşdyrylandan üç aý soň kolonoskopiýa maglumatlaryny seljermegiň hilini deňeşdirdi. Netijeler maşyn bilimi ulanylyp başlanandan soň, lukmanlaryň maglumatlary özbaşdak seljermek netijeliliginiň 6% peselendigini görkezdi.

“Emeli aňyň yzygiderli ulanylmagy adaty kolonoskopiýada lukmanlaryň emeli aňa ýüzlenmezden adenomalary kynlyk bilen tapmagyna getirer, bu bolsa tehnologiýanyň lukmanlaryň işine ýaramaz täsir edýändigini görkezýär” – diýip, ylmy gözlegiň awtorlary belledi.

Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, işe 19 tejribeli lukman gatnaşdy, olaryň her biri azyndan 2000 barlag geçirdi. Emeli aňa öwrenişilenden soň lukmanlaryň ünslüligi we özbaşdak karara gelmekde jogapkärligi peselýär. Alymlar tehnologiýanyň giňden ulanylmagy bilen başarnyklaryň ýitmek prosesiniň güýçlenjekdigini duýdurýar.
ABŞ-nyň Milli saglygy goraýyş instituty EA-nyň giňden ýaýramagynyň dürli ugurlarda hünär başarnyklaryny peseldip biljekdigini duýdurdy. Tehnologiýanyň ýygy-ýygydan ulanylmagy kognitiw funksiýalary gowşadyp biler, çünki adam maglumatlary seljermekde we saklamakda öz ukybyna öňküsinden az bil baglaýar.


25.05.2026 16:09
1.2k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....

21.05.2026 16:20
4.5k+

Towuk iýmindäki üzüm çigidiniň künjarasy jüýjeleri antibiotiksiz sagdyn ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär

Kornell uniwersitetiniň alymlary üzüm çigdiniň künjarasyny iýmit goşundysy hökmünde ulanmagyň, antibiotik ösüş stimulyatorlaryny ulanmazdan, sagdyn broýler towuklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik......

17.05.2026 23:19
1.7k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......