Alymlar berk sosial baglanyşyklar biologiki taýdan garramagy haýalladýar diýip hasaplaýarlar

  • 30.09.2025 18:01
  • 2.8k+

Amerikaly barlagçylar ömrüň dowamynda berk sosial baglanyşyklaryň biologiki taýdan haýal garramak bilen baglanyşyklydygyny anykladylar.

Bu barada "Brain, Behavior & Immunity - Health” žurnalyndaky makala salgylanýan PsyPost ýazýar.
Barlagda ortaça 55 ýaşy bolan 2177 adamyň maglumatlary seljerildi. Alymlar olaryň "kumulýatiw sosial artykmaçlygyna" – durmuşynyň dowamyndaky sosial baglanyşyklarynyň çuňlugyna we giňligine baha berdiler. Dört jähtden gözden geçirildi: çagalyk döwründe ene-atanyň goldawy, ýerli jemgyýet bilen baglanyşyk duýgusy, dini ýa-da ruhy toparlara gatnaşmagy, şeýle hem dostlarynyň we maşgalasynyň emosional goldawy.
Bu maglumatlar gatnaşyjylaryň fiziologiki parametrleri: biologiki ýaşy, bedenindäki çişme derejesi, şeýle hem kortizol we kateholamin gormonlarynyň konsentrasiýasy bilen deňeşdirildi.
Netijeler has giň we yzygiderli sosial aragatnaşyklary bolan adamlaryň biologiki taýdan has haýal garraýandygyny görkezdi. Şeýle hem, olaryň immun ulgamlary has gowy işleýär.

"Sosial baglanyşyklar barada pensiýa hasaby ýaly pikir ediň. Näçe ir maýa goýup başlasaňyz we muny näçe yzygiderli etseňiz, haýry şonça-da ýokary bolar. Barlaglarymyz bu netijäniň diňe bir duýgy taýdan däl, eýsem, biologiki taýdan hem haýyrly bolýandygyny görkezýär. Baý, berk sosial baglanyşygy bolan adamlar öýjük derejesinde hem has haýal garraýarlar. Sagdyn garramak - sagdyn bolup galmak, aragatnaşykda bolmak diýmekdir" – diýip, barlagyň şärikdeş awtory, Kornel uniwersitetiniň psihologiýa ugrundan professory Entoni  Ong belledi.


11.06.2026 14:01
8.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
9.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
9.4k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.6k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......