Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti okuwçylaryň arasynda biologiýa boýunça bäsleşik geçirýär

  • 01.09.2025 15:03
  • 5.7k+

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersi boýunça bäsleşigi geçirýändigini yglan etdi.

Bäsleşigiň test ýumuşlary türkmen, iňlis we rus dillerinde hödürlener.
Bäsleşik 2 tapgyrdan, ýagny saýlawjy we jemleýji tapgyrlaryndan ybarat bolup, saýlawjy tapgyryny welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleri, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi hem-de Ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty öz jogapkärçiliklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik esasynda ýeňijileri seçip alarlar.
Saýlawjy tapgyryň yzygiderliligi: her mekdep okuwçylarynyň arasyndan 3 okuwçyny bäsleşik esasynda saýlap, olary etrap tapgyryna gatnaşdyrmaly hem-de her etrapdan bäsleşik esasynda saýlanan 3 okuwçyny welaýat (şäher) tapgyryna hödürlemeli.
Welaýat (şäher) tapgyry 2025-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda geçiriler  hem-de welaýatlardan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden saýlawjy tapgyryndan saýlanan 5 okuwçy, Ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan 3 okuwçy jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda sagat 10:00-da saýlawjy tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçiriler.
Gatnaşyjylar we olary taýýarlan mugallymlar baradaky maglumatlary 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli tdlu.iolimp@gmail.com salgysyna ugratmaly.
Bäsleşigiň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça awtomatiki usulda ýörite kompýuter programmasy arkaly kesgitlenilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+99312 48-99-32;
+99364 00-04-70


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......