NASA we Google Cloud kosmosda astronawtlara kömek etmek üçin EA lukmanyny döredýär

  • 09.08.2025 18:20
  • 3.4k+

NASA we Google Cloud uzak dowam edýän kosmos missiýalarynda astronawtlara diagnoz goýmakda we bejermekde kömek edip biljek emeli aň ulgamyny synagdan geçirýär.

Ulgam “Ekipaž lukmanynyň sanly kömekçisi” (CMO-DA) adyny aldy we Aýa gaýdyp barmak boýunça “Artemid” missiýasyndan başlap, ekipažly uçuşlara taýýarlygyň çäklerinde döredildi.
Ulgam lukman ýok ýagdaýynda ýa-da Ýer bilen arabaglanyşyk kyn bolan halatynda astronawlara kömek bermegi maksat edinýär. Bu Aý, Mars we beýleki planetalar özleşdirilende ekipažy lukmançylyk kömegi bilen üpjün etmek üçin aýratyn möhümdir.
CMO-DA kosmos uçuşlary baradaky bilimler bilen okadyldy we ekipažyň saglyk ýagdaýyny hem işe ukyplylygyny seljermek üçin tebigy dili gaýtadan işlemek usullaryny we maşyn bilimini ulanýar. Gural lukmançylyk hünärmenine ýa-da bort inženerine maglumatlaryň we çaklamanyň esasynda çözgüt kabul etmäge kömek edýär.
Ilkinji synaglaryň dowamynda model dürli lukmançylyk ýagdaýlarynda barlandy. Netijeler ulgamyň beýan edilen alamatlar boýunça diagnozy takyk kesgitläp bilýändigini görkezdi. Häzir NASA we Google lukmanlar bilen bilelikde modeli synagdan geçirmegi we kämilleşdirmegi dowam etdirýär.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....