Kanadada bir zenanyň göz hanasyna diş oturdyp, görüşini dikeltdiler

  • 15.08.2025 17:01
  • 8.6k+

Kanadanyň Wankuwer şäherinde oftalmolog Greg Moloni adaty bolmadyk operasiýany etdi. Ol 75 ýaşly Geýl Leýniň göz hanasyna dişi implant etdi we onuň görüşini dikeltdi. Lukmançylykda seýrek duşýän bu prosedura osteo-odontokeratoprotezlemek diýilýär diýip, ýerli CBC radiostansiýasynyň web sahypasy habar berýär.

Leýn on ýyl mundan ozal göz perdesinde yz galdyrýan autoimmun keselinden kör bolupdy. "Bu meni gynandyrdy. Birden görmekden mahrum bolmak we gaýdyp görmek nesip edermikä diýen sorag barada pikir edýärdim" – diýip, ol gürrüň berdi.
Bu zenan şeýle operasiýa edilen üçünji kanadaly boldy. Lukman hassanyň dişinden material alyp, ony birnäçe aýlap ýaňagyna wagtlaýyn oturdyp, soň bolsa aýyrdy. Bu aralykda diş hassanyň gözünde plastik teleskopy saklamak üçin zerur bolan güýçli birleşdiriji dokumalar bilen örtüldi. Bu amalyň artykmaçlygy dişiň we töweregindäki dokumalaryň beden tarapyndan ret edilmezligidir.

"Bu çylşyrymly we geň operasiýa, ýöne esasan göz perdesiniň çalşylmagyny öz içine alýar" – diýip, hirurg belledi.

Operasiýadan soň Leýn dikelişiň ýakymsyz, ýöne agyrysyz döwri başdan geçirdi. Ilki bilen ýagtylygy, soň bolsa şekilleri görüp başlady. Alty aýdan soň töweregindäki adamlaryň ýüzlerini saýgaryp bildi.

"Men köp reňkleri görüp bilýärin, töweregimde bolup geçýän zatlary saýgarýaryn: agaçlar, otlar, güller - bu zatlary ýene görmek nähili ýakymly" – diýip, Leýn begenjini paýlaşýar. Ol gapdaldan kömeksiz ýakyn aralyga gezelenç edip, has çalasyn we garaşsyz bolmak isleýär. Pensioner zenan ýakyn wagtda görüşini hasam gowulandyrmaly täze äýnegi alar.


20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......