ABŞ-da böwrekdäki daşy aýyrmak bejergisinde ilkinji gezek robotlaşdyrylan Focalist  ulgamyny ulandylar

  • 18.09.2025 13:42
  • 5.8k+

Lukmançylyk tehnologiýalary pudagynda işleýän Mendaera kompaniýasy robotlaşdyrylan göçme Focalist ulgamyny ulanyp, dünýädäki ilkinji operasiýanyň geçirilendigini yglan etdi. Mayo Clinic Arizona-nyň urology Karen Stern ony böwrekdäki uly daşlary bejermegiň adaty görnüşi bolan howply nefrolitotomiýa (PCNL) wagtynda ulandy.

Operasiýalaryň netijeleri Endourologiýa we urotehnologiýa boýunça bütindünýä konferensiýasynda (WCET), urologiki keselleri bejermekde minimal inwaziw usullary işläp düzýän halkara hirurglar forumynda tanyşdyryldy.
PCNL wizual gözegçilik astynda böwrege iňňe sançmak bilen başlanýar. Bu ädim ýokary takyklygy talap edýär, sebäbi daşy aýyrmagyň we näsagyň howpsuzlygy iňňäniň dogry sanjylmagyna baglydyr. Şterniň topary Focalistiň kömegi bilen ilkinji synanyşykda iňňäni gerekli ýerine dürtmegi başardy.

"Dünýäde ilkinji bolup Focalist ulgamyny ulanan adam bolandyma begendim. Ony özleşdirmäge we işime ornaşdyrmaga aňsat usul diýip hasapladym. Focalist iňňä gözegçilik etmegi gowulandyrýar we ultrases barlagynda takyk ýerleşişini anyklamagy ýönekeýleşdirýär, bu esasanam az tejribeli operatorlar üçin amatly. Bu ultrases barlagyna bolan ynamy artdyryp, tejribesi dürli derejeli operatorlar üçin hünär päsgelçiligini azaldyp biler" – diýip, Ştern gürrüň berdi.

Ulgam göçme robot modulyny, hakyky wagtda ultrasesi we gurallary takyk ýerleşdirmek üçin programma üpjünçiligini birleşdirýär. Focalist ABŞ-da urologiýada çäkli ýaýbaňlandyrylyp başlady we 2026-njy ýylda bolsa beýleki lukmançylyk hünärlerine ýaýratmak meýilleşdirilýär.
Ulgamy üstünlikli ulanmaklyk minimal inwaziw operasiýalaryň takyklygyny we elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikler açýar, bu bolsa hassalaryň bejergisiniň netijelerini gowulaşdyryp biler.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....