BSGG maýmyn mamasy boýunça adatdan daşary ýagdaý režimini ýatyrdy

  • 08.09.2025 17:14
  • 2.9k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy indi maýmyn mamasynyň ýaýrawyny halkara derejesindäki adatdan daşary ýagdaý hökmünde görmeýär. Bu barada BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus aýtdy.

Adatdan daşary ýagdaý režimi bir ýyldan gowrak ozal bu ýokanjyň Afrikada ýaýramagy sebäpli adatdan daşary komitetiň görkezmeleri boýunça girizilipdi. Hünärmenler ýagdaýa baha bermek üçin her üç aýdan yzygiderli ýygnanyşdy.
Soňky mejlisde komitet maýmyn mamasynyň indi ýokary derejede howp salmaýandygy baradaky netijä geldi. Kongo Demokratik Respublikasynda we Burundi hem Uganda ýaly beýleki ýurtlarda kesel we ölüm ýagdaýlary yzygiderli azalýar.
BSGG indi wirusyň geçiş ýollaryna we keseliň agyr geçmeginiň şertlerine has gowy düşünýändigini belledi. Zyýan çeken ýurtlar jogap çärelerini işläp taýýarlady.
Ozal maýmyn mamasy boýunça adatdan daşary ýagdaý režimi 2022-nji ýylyň iýulyndan 2023-nji ýylyň maýyna çenli hereket edipdi. Kesel ýagdaýlary azalandan soň, ol ýatyryldy, ýöne 2024-nji ýylyň awgustynda adatdan daşary ýagdaý gaýtadan yglan edildi.
BSGG-niň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň başyndan bäri 34 müňden gowrak kesel ýagdaýy hasaba alyndy.
Ilkinji gezek keseliň haýwandan adama geçişi 1970-nji ýylda Kongoda hasaba alyndy.


düýn 11:31
3.1k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......