ÝUNISEF: dünýäde aşa agramly çagalaryň sany 391 milliona ýetdi

  • 12.09.2025 18:14
  • 6.6k+

Artykmaç agramy bolan 5 ýaşdan 19 ýaşa çenli çagalaryň we ýetginjekleriň sany 2000-nji ýyldan bäri iki esse artyp, 391 milliona ýetdi. Bu barada BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) çagalaryň iýmitleniş ýagdaýyna bagyşlanan täze hasabatynda aýdylýar.

“2000-nji ýyldan bäri artykmaç agramdan ejir çekýän 5 ýaşdan 19 ýaşa çenli çagalaryň we ýetginjekleriň sany 194 milliondan 391 milliona çenli iki esse artdy” – diýlip, resminamada aýdylýar.

Görkezijiniň ösüşi deň derejeli däldi. 2000-nji ýylda artykmaç agramyň iň pes derejesi hasaba alnan Günorta Aziýada 2022-nji ýyla çenli şeýle ýagdaýlaryň sany tas bäş esse ýokarlandy. Gündogar Aziýada we Ýuwaş umman sebitinde, Latyn Amerikasynda we Karib basseýninde, şeýle-de Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada bu görkeziji, takmynan, 10 göterim punkt ýokarlandy.
ÝUNISEF-iň hünärmenleri muny iýmitleniş endikleriniň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýar. Olaryň maglumatlaryna görä, çagalaryň iýýän iýmitlerine, esasan, gaýtadan işlenen önümler we düzüminde şeker, duz, arassalanan krahmal, zyýanly ýaglar we goşundylar köp bolan fastfud girýär. Şol bir wagtyň özünde, şeýle tagamlary saýlamak köp ýagdaýlarda çagalaryň öz islegleri bilen däl-de, “sagdyn däl iýmit gurşawy” bilen baglanyşyklydyr.
Hasabatda şeýle önümleriň dükanlarda we mekdeplerde giňden hödürlenýändigi, internetde we sosial ulgamlarda olaryň mahabatlarynyň bolsa öndürijilere ýetginjekleri çekmek üçin goşmaça mümkinçilik berýändigi bellenilýär. 


düýn 12:08
5.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......