Oguljahan Atabaýewa “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

  • 18.08.2025 08:54
  • 7.4k+

16-njy awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherine baryp gördi. Wise-prezident “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurluşygynyň barşy, şeýle hem “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynda görkeziljek Arkadag lukmançylyk klasteriniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini beýan edýän diwarlyklaryň teklip edilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurluşygy barada şekil taslamalarynyň üsti bilen maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde diňe bir durmuş ugurly desgalaryň däl, eýsem, döwrebap senagat toplumyny emele getirjek önümçilik kärhanalarynyň hem gurluşygy dowam edýär.
Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasteri derman serişdelerini, lukmançylyk tehnologiýasyny hem-de serişdelerini işläp taýýarlamak we bu ugurda döwrebap bilim bermek, raýatlaryň saglygyny goramak boýunça iň kämil dünýä tejribelerini peýdalanmak bilen, ylmy işleri geçirmäge niýetlenen toplumlaýyn innowasion merkez bolar.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Arkadag şäheriniň ähli desgalarynda bolşy ýaly, täze lukmançylyk klasterinde-de öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetini belledi. Munuň özi işleri kadaly ýola goýmaga, şol bir wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berer.
Soňra O.Atabaýewa bu ýerde kärhana tarapyndan öndürilmegi meýilleşdirilýän täze önümler barada maglumat berildi. Döwrebap şäherde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumyny döretmegiň maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy esaslandyryldy. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, aýakgap örtüklerini we beýleki saglyk maksatly serişdeleri öndürmek ýola goýuldy. Kärhananyň öndürýän dürli görnüşli çaga iýmitleri ýokary hili we ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.
Lukmançylyk klasteriniň önümleri halkara derejede hasaba alnyp, önümçiligiň haryt nyşany bolsa Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň Halkara býurosynyň ýörite güwänamasy bilen tassyklanandyr. 
Gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa öndürilýän önümleriň ýokary hil derejesiniň ähmiýeti barada aýdyp, bu önümleriň çagalaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmeklerinde möhüm goşandynyň bardygyny belledi.
Soňra şu ýylyň 21 — 23-nji awgustynda paýtagtymyzda geçiriljek “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynda Arkadag lukmançylyk klasteriniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini giňden tanyşdyrmak maksady bilen birnäçe teklipler beýan edildi. Serginiň dowamynda lukmançylyk klasteriniň sergi diwarlygynyň, gaznanyň alyp barýan işi bilen tanyşdyrýan ýörite wideoşekilleriň görkezilmegi, bilim-terbiýeçilik ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, O.Atabaýewa sergi-ýarmarkada ýaýbaňlandyryljak diwarlygyň hem-de haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň ýurdumyzda çagalaryň mynasyp durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini hem-de bu işleriň oňyn netijesini berýändigini belläp, geçiriljek çäreleriň çagalarda gyzyklanma döretmelidigine ünsi çekdi.
Oguljahan Atabaýewa serginiň dowamynda ýaýbaňlandyryljak “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar toparynyň çykyşlarynda Bitarap Watanymyzyň körpe nesilleriniň joşgunynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Şeýle-de ol “Enäniň saglygy — çaganyň saglygy” atly milli şygaryň iş ýüzünde many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny we onuň durmuşa geçirilmeginiň eneleriň saglygyny berkitmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendigini nygtady.


11.05.2026 23:10
2.5k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.8k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.5k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....