Türkmen alymlary deňiz suwotularyndan ýaralary tiz bejerýän bioserişde işläp taýýarladylar

  • 07.08.2025 15:41
  • 6.7k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň biotehnologiýa barlaghanasynyň hünärmenleri Hazar deňzinde ösýän gök-ýaşyl we goňur suwotulary çig mal hökmünde ulanyp, özboluşly alginat kompozisiýasyny almaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýa döretdiler. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Goňur suwotularyndan alynýan alginatlar biologik taýdan uýgunlygy we gel emele getirmek ukyby sebäpli azyk, derman we kosmetika senagatynda giňden ulanylýar. Täze işlenip düzülen birleşme olaryň düzümine gök-ýaşyl suwotulary goşmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa serişdäni gymmatly birleşmeler bilen baýlaşdyrýar.

"Bu täze tehnologiýa bioserişdäniň häsiýetlerini ep-esli gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Alginat biodegrirlenýän esas hökmünde hyzmat edýär, gök-ýaşyl suwotularyň düzüm bölekleri bolsa antioksidant, çişmä garşy işjeňlik we kislorod çykarmak ukyby ýaly terapewtik häsiýetleri goşýar" diýip, barlaghananyň müdiri Altyn Rahmanowa belleýär.

Täze birleşme biolukmançylykda, aýratyn-da ýaralary bejermek we dokuma inženeriýasynda ulanmak üçin niýetlenendir. Kislorodyň işjeň bölünip çykmagy bolsa gaýtadan dikeldiş ýagdaýyny ep-esli çaltlaşdyryp biler. Mundan başga-da, bu işlenme azyk we kosmetika senagaty üçin giň mümkinçilikleri berýär.


şu gün 08:10
562

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......