Hassanyň kesel kesgidi goýlandan soň rahatlanmasyny “Rumpelştilshen täsiri” diýip atlandyrdylar

  • 15.09.2025 10:38
  • 4.7k+

Lukmanlar gyzykly bir hadysa üns berdiler: käbir hassalar lukmandan keseliniň takyk adyny bilenlerinden soň derrew rahatlyk duýýarlar. Şol sebäpli olaryň saglygy entek bejergä başlanmazdan öň gowlaşyp ugraýar. Amerikaly alymlar bu hadysa doganlar Grimmleriň ertekisindäkä meňzedip “Rumpelştilshen täsiri” diýip at bermegi teklip etdiler.

Bu at gahrymanyň adyny bilensoň, ýaramaz bir derwüşi ýeňmegi başarandygy baradaky hekaýat bilen baglanyşykly. Barlagçylaryň sözlerine görä, lukmançylykda şuňa meňzeş bir zat bolup geçýär: kesel kesgidi näbelliligi eýýäm kesgitli meselä öwürýär, bu bolsa aladany azaldýar.
Bu işi Keýsiň Günbatar ätiýaçlyk uniwersitetiniň (ABŞ) kliniki psihiatriýa boýunça dosenti Awaýs Aftab bilelikde ýazdy. Olaryň makalasy BJPsych Bulletin žurnalynda çap edildi.
Gözegçilik täsiriň dartgynly kelle agyrylardan we ukusyzlykdan başlap, içege bozulmasy sindromyna we autizm spektriniň bozulmalaryna çenli köp diagnozda duş gelýändigini ýüze çykardy. Alymlar bu ýeňilligiň näbellilik duýgusynyň kemelmegi we beýleki näsaglar tarapyndan goldaw berilmegi bilen baglanyşyklydygyny çaklaýarlar. Şeýle hem, hünärmenler plasebo täsiri bilen baglanyşygyň bolmagynyň mümkindigini çakladylar.
Awtorlar kesel kesgidine reaksiýanyň dürli-dürlüdigini bellediler. Käbir hassalarda maglumat gorky ýa-da utanç duýgusyny döredip, zerur bolmadyk bejergä sebäp bolup biler. Netijelerine has gowy düşünmek üçin köpräk barlag  geçirmek gerek.


düýn 12:08
5.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......