Daşkentde Arkadag şäherindäki iri lukmançylyk klasteriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

  • 12.09.2025 18:34
  • 6.4k+

10-njy sentýabrda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ş.Meredow bilen Özbegistanyň saglygy goraýyş ministri A.Hudaýarowyň arasynda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda saglygy goraýyş, lukmançylyk bilimi, farmasewtika we ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Arkadag şäherinde iri lukmançylyk klasteriniň döredilişi we bu klasteriň derman serişdelerini işläp taýýarlamak, dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça alyp barýan ylmy-barlag işleri barada habar berdi. Şeýle-de türkmen tarapy Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasyny alan «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işi we bu kärhana tarapyndan öndürilýän lukmançylyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Özbegistana iş saparynyň çäklerinde akademik W.Wahidow adyndaky hirurgiýa boýunça Özbegistanyň ýöriteleşdirilen ylmy-amaly lukmançylyk merkeziniň binasynda Arkadag şäherinde döredilýän iri lukmançylyk klasteriniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä Özbegistanyň lukmançylyk merkezleriniň ýolbaşçylary we özbek telekeçileri gatnaşdy.
 


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......